Şokolad bütin dünýäde söýülip sarp edilýän süýjülikdir. Ol ýöne bir süýjülik bolman eýsem-de onuň birnäçe saglyk taýdan peýdaly taraplary bar. Soňky gözlegler şokoladyň diňe bir iýmitlenmekden başga-da saglyga peýdalydygyny ýüze çykardy.
Şokolad ýürek saglygyna oňyn täsir edýär. Gözlegler şokolady yzygiderli iýýän adamlaryň ýürek keselleriniň has pesdigini görkezýär. Şokoladdaky flawonoidler gan basyşyny peseldýär, gan damarlaryny giňeldip we gan aýlanyşyny gowulaşdyrýar.
Feniletilamin diýilýän şokoladdaky himiki madda beýnide endorfinleriň we serotoniniň bölünip çykmagyny köpeltmek arkaly akyl saglygyny artdyrýar. Şonuň üçin şokolad emosional taýdan rahatlandyryjy hasap edilýär. Şokoladyň çişmä garşy häsiýetleri bedende çişmegi azaldyp, immuniteti güýçlendirýär. Bu käbir dowamly keselleriň döremek howpuny azaldýar.
Şokolad peýdasy näçe köp bolsa-da ony kadaly sarp etmek möhümdir. Ol artykmaç kaloriýa we şeker kabul edilmegine sebäp bolup biler. Iň gowusy, gara şokolad (azyndan 70% kakao düzümi) ileri tutulmalydyr, sebäbi düzüminde kakao köp we saglyga has köp peýdalydyr.
Mähri BAÝRAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler