Ýiti akyl-paýhas ummany bilen dünýäni haýrana goýan Magtymguly atamyz myhmanyň öz rysky bilen gelýändigini, onuň duz-çöregiň myhmany däl-de süýji söze myhmandygyny aşakdaky mana batyrylan setirlerinde çuň beýan edýär.
Gelen aş diýip gelmez turşutmagyl ýüz
Nana mätäç däldir, söze myhmandyr.
Pederlerimiziň mertliginiň, geçirimliliginiň, jomartlygynyň, pähim-paýhasynyň, adamkärçiliginiň çeni-çaky, belli çägi ýok. Bu ahwalaty Magtymguly Pyragy aşakdaky setirlerinde şeýle çugdamlaýar:
Gulluk ýetirgin janyňdan
Aýama parça nanyňdan,
Ganly bolsa, geç ganyňdan
Bir garyp myhman ýigide!
Eý Allajan! Ynsan gatnaşyklarynda mundan aňry ynsanperwerlik, mundan ýokary merdi-merdanalyk, jomartlyk, geçirimlilik bolup bilermikä? Söwüş edip myhmanyň öňünden geçmek türkmençilikde parz hasaplanýar. Magtymguly atamyzyň goşgy setirlerinde ser salsaň muňa has aýdyň göz ýetirmek bolýar. Dana akyldar “Meýdan ýoluksa” diýen goşgusynda “Mert çykar myhmana güler ýüz bile”diýse, başga goşgy setirlerinde:
Ýigit diýgeç, hemme ýigit bir bolmaz,
Goç ýigitler myhmanynda bellidir..
Türkmençilikde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, öý eýesiniň-de, myhmanynyň-da berjaý etmeli öz edep kadalary bar. Myhman hem öz myhman ornuny bilse ýagşy. “Özüni bilen weli” diýipdirler. Uzaga çeken myhmançylyk, myhmanyň gadyryny, mertebesini gaçyrýar. “Myhmanyňky üç gün, üç günden soň göçgün” diýen nakyl bar. Bu barada Magtymguly atamyza diň salalyň.
Bir menzildir, üç gün iýip-içensoň,
Ornaşyp, giňrenip bilin açansoň,
Üzeňňir çekerler dört gün geçensoň,
Bäş günden ýokary myhman eglenmez.
Ogulboldy ARSLANOWA,
Darganata etrabyndaky ýöriteleşdirilen
13-nji orta mekdebiň Türkmen dili we
edebiýaty mugallymy.
Teswirler