Kornell uniwersiteti tarapyndan geçirilen gözlegleriň çäginde işlenip düzülen äýnek, häzirki döwrüň iň meşhur tehnologiýasy bolan emeli aň bilen baýlaşdyrylyp, geýip bolýan tehnologiýalar ulgamynda täze sahypa açmagy başardy.
Gözleg topary tarapyndan işlenip düzülen “PoseSonic” äýnegi, mikro sonar tehnologiýasy arkaly adam bedenine eşidilmedik ses tolkunlaryny iberip, adamyň ýokarky beden hereketlerini yzarlaýar. Emeli aň bilen alnan maglumatlary seljerip, äýnek gaty takyk ölçegleri edip bilýär.
Göz öňünde tutulýan taslamanyň çäginde fiziki we özüni alyp barşyň jikme-jikliklerine gözegçilik etmegi maksat edinýän gözlegçiler, giňeldilen hakykat we wirtual hakykat ugurlaryna öwrülişikli täzelik getirdi. Kiçijik gürleýjileriň we mikrofonlaryň kömegi bilen bedeniň duruşyny analiz edip bilýän äýnekler emeli aň tehnologiýasyny ulanyp, egin, tirsek, bilek, bil we burun ýaly dokuz dürli bogun hereketini çaklamak bilen takyk netijeleri berip bilýär.
Äýnek prototipiniň kameralaryň ýa-da wizual datçikleriň ýerine sonar tehnologiýasyny ulanmagy, gizlinlik tarapynda has ygtybarly ulanyjy tejribesini üpjün edýär. Iş wagtynda ses tolkunlaryndan doly peýdalanýan ulgam, has az energiýa sarp etmek bilen tapawutlanýar. Şeýle emeli aňly äýnekleriň esasanam saglygy goraýyş pudagynda we uky ýaly gündelik işlerine gözegçilik etmekde giňden ulanylmagyna garaşylýar.
Gülbahar AGANYÝAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler