Telefonlaryň adamyň saglygyna edýän täsiri köp gezek öwrenildi we alnan maglumatlar köplenç tersine düşünilýär. Umuman, telefonlaryň zyýany we zyýansyzlygy, esasanam telefonlaryň özlerinden goýberýän elektromagnit şöhlelenmesi baradaky meseleler öňdebaryjy halkara ylmy neşirlerde giňden ara alnyp maslahatlaşylýar we häzirki wagtda bu ugurda köpsanly synag we nazaryýet gözlegleri geçirilýär. Şeýlelik bilen, ,,EMF-portal’’ gözleg merkeziniň çeşmesi boýunça, şu güne çenli Ahen (Germaniýa) uniwersitet-hassahanasynyň bioelektromagnit täsiri , dürli görnüşli elektromagnit şöhleleriniň biologik täsiri baradaky 29000 ylmy neşiriň arasynda 1300-den gowrak eksperimental we beýleki köp zady öz içine alýan telefonlaryň biologik täsiri bilen baglanyşykly 300-den gowrak epidemiologiki gözlegleriň geçirilendigi anyklandy.
2011-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy we rak keselini öwrenmek boýunça halkara gullugy öýjükli telefonlardan radio zyňyndylarynyň çykýandygy anyklap, olaryň adam üçin örän zyýanly bolup biljekdiklerini kesgitlediler. Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň 2013-nji ýylda neşir edilen maglumatlaryna görä, öýjükli telefonlardan çykýan elektromagnit şöhleler we radio zyňyndylary adamda rak keseliniň döremegine getirýändigini görkezýär.
Telefonlardan çykýan elektromagnit şöhleleri käbir alymlaryň pikiriçe, janly dokumalaryň temperaturasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler we öýjükleriň hromosomalarynyň bozulmasyny ýüze çykarýar. Olaryň beýniniň işjeňligine we aň-bilim işine, uky, ýürek işine, uky we gan basyşyna zyýanly täsirleri öwrenildi. Seresaplylyk ýörelgesine laýyklykda saglyk guramalary, esasanam çagalara telefonlary köp ulanmazlygy we ony kelläniň golaýynda goýmazlygy maslahat berýärler.
Orazjemal SYRAÇMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler