Bitaraplyk — geljege ynamyň sarsmaz sütüni

Döwletimiziň taryhynyň şöhratly sahypalary şanly Garaşsyzlyk, şöhratly Bitaraplyk döwri bilen baglanyşykly. Çünki ýurdumyz özbaşdak ösüşiň milli ýolunda ähli ugurlarda görlüp-eşidilmedik ösüşleri gazanýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň köp ugurlardaky ösüşleriniň gözbaşy bolup, halkara giňişliginde abraýyny artdyrýar we Türkmenistan dünýäniň gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýýär. Şondan ugur alyp, eziz Diýarymyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasy strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Şunda döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan syýasy-diplomatik ulgamda gatnaşyklary yzygiderli alyp barmaga uly ähmiýet berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan parahatçylyga gönükdirilen diplomatiýasy bu gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli we halkara derejede ileri tutulýan ugurlar hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyz ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkidilmegine saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän, onuň iri möçberli we uzak möhletleýin halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmäge mynasyp goşant goşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar.

Goý, ata Watanymyzyň BMG we onuň düzümleri bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygyny açyk, ynsanperwerlik, demokratik häsiýete eýe edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Jennet MERDANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
arap dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok