Ýaşlar – Watanymyzyň daýanjy. Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny asylly dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem ýaşlara uly ynam bildirýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” bolsa ýaşlaryň durmuşynda aýratyn ähmiýetli ýyllaryň biri bolup tamamlanyp barýar. Bu ýyl mümkinçilikleriň, ösüşleriň, ýeňişleriň ýyly bolup ýaşlaryň ykballarynda ýatdan çykmajak ýyl hökmünde hakydada ebedi orun alýar.
Ine, şeýle bagtyýarlyga beslenen çäreleriň biri hem Merkezi Aziýa döwletleriniň şeýle-de Hytaý halk respublikasynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda Ýaşlar forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan eden Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleriniň Mary welaýatynyň Kemine adyndaky teatrynda sylaglandyryş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda döredijilik, bilim, sport we ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda işjeň ýaşlaryň jemi 140 sanysy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri diýlip yglan edildi.
Şol bagtyýar ýaşlaryň arasynda biziň institutymyzyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň dekany Maksat Bugraýew, institutymyzyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Muhammet Agalykow şeýle-de institutymyzyň talyplary Şöhrat Myradow, Çeper Nazargylyjowa, Aksoltan Hydyrowa hem bar. Mugallymlarymyzyň hem-de talyp deň-duşlarymyzyň ýeňişlerini biz tutuş institutymyzyň ýeňşi hasaplaýarys. Baýrak alan mugallymlarymyzy, talyp ýaşlary tüýs ýürekden gutlaýarys. Şular ýaly Şa serpaýlarynyň höwri köp, ýeňişleriniň dowamly bolmagyny arzuw edýäris.
Maksat NURMÄMMEDOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler