Berhiz – ruhubelentligiň, şähdaçyklygyň girewi

Kadaly iýmitlenmek adam bedeniniň ähli agzalaryna täsir edýär. Ol saglygyňy goramakda aýratyn ähmiýete eýedir. Az-azdan hem-de wagtly-wagtyna bedene ýaramly iýmitler bilen iýmitlenmek nerw-degna ulgamyndan başlap, ýürekdir gan aýlanyş ulgamyna, iýmit siňdiriş ulgamyndan başlap, bagyrdyr öýkene çenli oňyn täsirini ýetirýär.

Berhiz saçagynyň düzümi baý bolmalydyr. Kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen Berhiz saçagynda towuk, göle, balyk etlerini goşmak maslahat berilýär. Gök önümlerden käşir, şugundyr, pomidor, burç, kelem, miwelerden bolsa şetdaly, armyt, pyrtykal, mandarin, alma, ülje peýdalydyr.

Berhiziň saglyga edýän iň gowy täsiri onuň bagyr bilen berk baglanyşyklylygydyr. Çünki bagyr bedende ýüzlerçe wezipäni ýerine ýetirýär. Bedendäki ýaglary siňdirmekden başlap, bütin himiki hadysalar bagyrda bolup geçýär. Şonuň üçin-de ol örän seýrek keselleýär. Ýöne agram düşdügiçe, ol üstüne ýüklenen wezipeleriň bir bölegini ýerine ýetirmekden ejiz gelip başlaýar.

Berhiziň gan aýlanyş ulgamlaryna edýän täsiri-de diýseň uludyr. Gündizlerine berhiz saklaýan, şeýle-de, gijöýländen soňra iýmitlenmegi bes edýän adamyň ganynda holesteriniň derejesi pese gaçýar. Netijede, damarlaryň diwarlarynda ýygnanan öňki holesterinler kem-kemden gana garyşyp, gan-damar gatamalaryny aradan aýyrýar. Şonuň üçin-de, esasan-da, günortandan soň gan basyşy biraz pese gaçýandygy sebäpli, adamda doly rahatlyk ýagdaýy peýda bolýar. Bu ýagdaý agyr keselleriň biri hasaplanýan ateroskleroz keseliniň belli bir derejede öňüni alýar.

Berhiz ruhubelentligiň, şähdaçyklygyň girewidir. Ol adam bedenini zeperlerden we mikroblardan arassalaýar. Berhiz döwründe böwrekler bedendäki zäherleri bölüp çykarýar. Bu döwürde ol zyýanly endiklerden saplanmaga-da mümkinçilik berýär. Semizligiň öňüni almaga ýardam edýär.

Suraý ANNAMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok