Aşgabat döredijiligiň merjen şäheri

Institutymyzda mermer şäherimiz Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň kategoriýasynda “Dizaýn” toruna goşulmagyna bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda halypa professor mugallymlar şeýle-de bagtyýar talyp ýaşlaryň ak şäherimiz Aşgabadyň şu günki ýeten derejesi, gözellikleri hakynda buýsançly çykyşlar etdiler.

Çykyşlaryň dowamynda ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azuleniň Aşgabadyň dünýäniň medeni pudagynyň ösüşine goldaw bermek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän beýleki 54 şäheri bilen birlikde UCCN-niň bir bölegine öwrülendigini mälim edendigi şeýle-de häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň döredijilik torunyň “Senetçilik we halk döredijiligi”, “Dizaýn”, ” Film”, ” Edebiýat”, “Mediýa sungaty”, ” Aýdym-saz” ýaly döredijilik ugrundaky 350 şäheri öz içine alýandygy barada gymmatly maglumatlar aýdyldy. Institymyzda hereket edýän ÝUNESKO klubynyň alyp barýan işleri barada hem mugallymlardyr talyplar öz çykyşlarynda aýratyn belläp geçdiler.

Dabaranyň dowamynda institutymyzyň “Altyn miras” aýdym-saz toparynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ak şäherimiz Aşgabat şäheri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasaty, il-günümiziň asudalygy ugrunda edýän aladalary baradaky aýdymlar belentden ýaňlandy.

Baýramçylyk maslahaty giň many-mazmuna eýe bolmak bilen talyp ýaşlaryň kalbynda gül diýarymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, bagtyýar döwrümize bolan egsilmez söýgüdir buýsanç duýgularyny oýardy.

Meňli MERDANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok