Aslyny gadymdan alyp gaýdýan türkmen halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden gymmatlyklaryny barmak basyp sanardan kän. Şöhratly halkymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp gelen milli mirasy biziň häzirki günlerimizde hem özleriniň gymmatlyklaryny ýitirmän, täze öwüşgine, owadanlyga eýe bolýar.
Türkmençilikde gelin-gyzlara aýratyn hormat goýmak bilen, hemişe göwher gaşy deýin synçy gözde saklanyp, olaryň edim-gylymyna, görüm-göreldesine, eli çeperligine uly üns berilýär. Her bir öýde-maşgalada gyz-gelinler öý bikesi, ojagyň ody hasaplanylýar. Şol sebäpli hem ene-mamalarymyz öz gyzlaryna çagalykdan el işlerini öwredýärler, zähmetsöýerlik terbiýesini berýärler.
Islendik gyzjagazyň diýen ýaly ilkinji öwrenýän el işi alaja bolsa gerek. Çünki alaja özüniň köpdürliligi, köp ýerlerde ulanylýandygy, ýönekeýden nepisligi bilen beýleki el hünärlerinden tapawutlanýar. Ene-mamalarymyz alajany gözden-dilden goramakda hem ulanypdyrlar. Türkmen gelin-gyzlary alajanyň diýseň köp görnüşini döredipdirler. Mähriban zenanlarymyzyň mährinden, söýgüsinden döräp, sungat derejesine ýeten alajalar ähli el işleriň arasyndan eriş-argaç bolup geçýär, özüniň owadanlygy we nepisligi bilen her bir işi gözelleşdirýär.
Hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen, durmuş ýolunda görüm-görelde mekdebi bolan mähriban gaýynenesi Ogulabat ejäniň sünnäläp döreden alajalaryny we alajalary taýýarlamakda ulanan iş guralyny muzeýe sowgat hökmünde eltip bermegi bolsa diýseň guwandyryjy pursatlaryň birine öwrüldi.
Alaja mähriban zenanlarymyzyň döreden ajaýyp sungaty, milli mirasymyzyň öçmejek gymmatlygy hökmünde gelin-gyzlarymyzyň ajaýyp aýdymy bolup ýaşar.
Humaý KASYMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.
Teswirler