Dünýädäki iň uly gün elektrik stansiýasy açyldy

Birleşen Arap Emirliklerinde gurlan dünýäniň iň uly gün elektrik stansiýasy bolan Al Dhafra dabara bilen açyldy. Takmynan 200 müň hojalyga energiýa berjek elektrik stansiýasy bir ýylda 2,4 million tonna uglerod monoksidiniň çykmagynyň öňüni alar.

Birleşen Arap Emirlikleri BMG-nyň Howa konferensiýasyny geçirmezden iki hepde öň dünýäniň iň uly gün elektrik stansiýasyny işe girizdi. 21 inedördül kilometrlik Al Dhafra gün elektrik stansiýasy Fransiýanyň paýtagty Parižiň ululygynyň bäşden bir bölegini tutýar. Ýylda 2,4 million tonna kömürturşy gazynyň çykmagynyň öňüni alar, bu bolsa 800 müň awtoulagyň çykarýan kömürturşy gazyna deňdir. Elektrik stansiýasynyň 4 million gün paneliniň umumy bahasy 1 milliard dollara barabar bolup, takmynan 200 müň hojalyga energiýa berjekdigi mälim edildi. Başgaça aýdylanda, dünýädäki iň uly gün elektrik stansiýasy ýylda takmynan 1 million adamyň elektrik zerurlyklaryny kanagatlandyrar.

Fransiýanyň “EDF Renawables” we Hytaýyň “Jinko Power Techology” şereketleri bilen bilelikde gurlan gün elektrik stansiýasynyň 60 göterimi BAE hökümeti bilen baglanyşykly “Masdar” täzelenip bilýän energiýa kompaniýasyna degişlidir. Elektrik stansiýasynyň dolandyryşy, COP28-iň prezidenti we BAE-nyň howa komissary Soltan Al Jaberiň gözegçiliginde. Soltan El Jaber 2030-njy ýyla çenli öz ýurdunyň gün elektrik stansiýasynyň kuwwatyny 100 gigawata çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Mekan AÝDOGDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok