Kebelekler barada

  • Kebelekleri öwrenýän ylma «lepidopterologiýa» diýilýär.
  • Ýurdumyzda kebelekleriň 2000-den gowrak görnüşi duş gelýär.
  • Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşirine kebelekleriň 11 görnüşi girizilendir. 
  • Türkiýede «kebelekler seýilgähi» bar.
  • Kebelekler diňe sary, ýaşyl we gyzyl reňkleri saýgaryp bilýärler.
  • Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşirine kebelekleriň 11 görnüşi girizilendir.
  • Häzirki wagtda kebelekleriň 165 müňden gowrak görnüşi mälimdir. Emma entomologlar ýylyň ýylyna olaryň täze görnüşlerini tapýarlar.
  • Kebelekler öz göwresinden iki esse köp iýmit iýmäge ukyplydyrlar.
  • Kebelekleriň tagam duýuş agzalary aýagynda ýerleşýär.
  • Ýer ýüzünde gülleri tozanlandyrmak boýunça kebelekler ikinji orunda durýar. Birinji orun bolsa balarylara degişlidir.

Pälwan ORAZMYRADOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok