Ezber türkmen halyçylary tarapyndan dokalan gadymy nepis halylar Awstriýada geçiriljek «Ajaýyp gadymy gündogar halylary we XIX asyr jemgyýetçilik sungaty» atly auksion söwdasynda satuwa çykarylar.
«Ajaýyp gadymy gündogar halylary we XIX asyr jemgyýetçilik sungaty» söwdasynyň 2023-nji ýylyň 2-nji dekabrynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-da başlamagyna garaşylýar.
Umuman alanyňda, söwdada 282 haly, gadymy gündogar önümleri, şol sanda gadymy senetçilik önümleri bolar. Olaryň arasynda Türkmenistandan başga-da, Kawkazdan, Anadolydan we Gündogar Türküstandan bolan ussatlaryň dokan halylary satuwa çykarylar.
Mälim bolşy ýaly, halyçylyk sungaty Watanymyzyň, halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nury bilen äleme şöhle saçýar. Gelin-gyzlarymyzyň mähir-yhlasy bilen döreýän halylaryň her bir çitimi, gölleri belent söýgä ýugrulandyr.
Adamzat neslini dowam etdirýän ene öý-ojagyň söýesi bolup, çuňňur söýgüsi hem-de gyzgyn mähri bilen gyzyna, gelnine türkmen zenanyna mahsus bolan milli däp-dessurlarymyzy, haly, palas dokamagy, keçe güllemegi, tikin tikmegi, keşde çekmegi, gaýma gaýamagy ýaşlygyndan gursagyna guýupdyr.
Muhammetgeldi AÝDOGDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler