Bitaraplyk – geljege bolan ynamymyzyň sarsmaz sütüni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Bu wakalaryň esasylarynyň biri hem Watanymyzyň Bitaraplygyny gazanmagydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 195 döwletiň biragyzdan goldamagynda ,,Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyny’’ gazandy. Bu sene BMG-niň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, sebit we dünýä möçberindäki ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ekologiýa we beýleki möhüm çeşmeler çözülende, döwletleriň hem-de halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlyk etmegini gazanmaga, parahatçylygy pugtalandyrmaga saldamly goşandyny goşýar. Şeýle işler ata Watanymyzyň ösüşini üpjün etmäge ýardam berýän täze başlangyçlary öňe sürýän Bitarap döwlet hökmünde has giňden tanalmagyna getirýär. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz halkara derejedäki belent ynamyň eýesi bolýar.

Ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň, halkymyzyň ata-babalardan gelýän erkanalyk, agzybirlik, gaýry döwletleriň içeri işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerine, wepalylygyň binagärlik sungatyndaky aýdyň şöhlelenmesi bolan Bitaraplyk binasy Türkmenistanyň paýtagtynyň günortasyndaky iň owadan künjekleriň birinde, Köpetdagyň eteginde ýerleşýär.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy biziň her birimiz üçin uly mertebedir, göwnüňi ganatlandyrýan beýik derejedir. Ol bizi her ädimde buýsandyrmak bilen, ösüşiň täze menzillerine ynamly barýan röwşen ýolumyzda egsilmez ylham berýär, täze ýeňişler, üstünlikler gazanmaga ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly ,,Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr’’.

Çaryýarguly NEPESOW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti
kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok