Balyk iýmegiň peýdasy

Belogyň ajaýyp çeşmesi bolan balygyň ýokumlylygy, görnüşine baglylykda üýtgeýär. Balygyň ortaça 100 gramynda takmynan 19,5 gram belok bar. Iýmit belogy myşsalary berkitmek we süňkleri sagdyn saklamak üçin zerurdyr. Çagalaryň süňkleriniň kadaly ösmegi üçin zerur mukdarda belok iýmek saglyk üçin möhümdir.

Balyklaryň ýokumlylygy we düzümi görnüşine baglylykda üýtgeýär. Polýar ýa-da losos ýaly balyklarda köp mukdarda omega-3 bar we bedenimiz üçin zerur ýag kislotalary bar. Adam bedeni olary öndürip bilmeýändigi sebäpli, olary iýmit bilen almaly bolýar.

Balyk şeýle hem seleniň, ýodyň we D witaminiň baý iýmit çeşmesidir. Selen immun ulgamyny güýçlendirýär we tiroidiň işlemegine kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, selen sagdyn saçlar we dyrnaklar üçin zerur iýmit çeşmesidir.

Soňky ýyllarda D witaminiň ýetmezçiligi bütin dünýäde we Ýewropada möhüm meseläniň biri bolup durýar. D witamini myşsalaryň işleýşini, immunitet ulgamyny, süňkleri we dişleri saklamak üçin zerurdyr.

Tagan ATAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok