Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň garamagyna paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilen «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň gurluşygy babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berlip, onuň şekil taslamasy hödürlenildi. «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň taslamasynda çagalar üçin sport we oýun, şeýle-de medeni çäreleri geçirmek üçin ýörite meýdançalar, amfiteatr, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin meýdança we beýleki desgalar, şol sanda tehniki, hojalyk desgalary göz öňünde tutulýar. Munuň özi bagtly çagalygyň mekanynda, arzuwlaryň hasyl bolýan döwründe ýaş nesiller baradaky aladanyň aýdyň nyşanydyr. Täze merkezde ýaşlarymyzyň wagtlaryny gyzykly we döredijilikli geçirmegi üçin ähli şertler dörediler. Bu merkez bagtyýar ýaşlarymyzyň ukyp-başarnygyny baýlaşdyrmakda, zehinlerini açmakda nusgalyk merkez bolar.
Häzirki nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün edip, geljegiň aladasy bilen ýaşaýan döwlet beýikdir, gurpludyr, mümkinçilikleri uludyr. Milli we ählumumy derejede adamzadyň gazananlaryna hormat goýýan ýurdumyzyň ösüş ýolunda geçmişde gazanylanlary geljek bilen sazlaşykly ösdürmekde adam gymmatlyklarynyň iň belent derejede hormatlanmagy, ylaýta-da, çaganyň ykbalyna jogapkärçilikli garaýşyň her bir işde ileri tutulmagy bilen, döwletimiziň öz ösüş ýoluny ynamly dowam etdirýändigini aýratyn bellemek gerek. Hiç bir millet, jemgyýet, döwlet diňe şu günki gazanylanlar bilen çäklenmeýär. Olar nesilleriň ýagty geljegini, bagtyýar, bolelin durmuşyny nazarlap iş tutýarlar. Şunda çagalar üçin ähli mümkinçilikleri döretmegiň maksada ýetmegiň esasy wezipesi hökmünde öňe çykmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Hut şu nukdaýnazardan hem, Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri sagdyn, işjeň, açyk, hemmeler üçin elýeterli we ýokary üpjünçilikli gurşawy döretmegi göz öňünde tutýar.
Maksat ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler