Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Hormatly Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan Watanymyzda milli ykdysadyýetiň her bir ugry oňyn netijelere eýe bolmak bilen ösüşleriň ýoluny nazarlaýar. Eziz ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryna hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak babatda möhüm işler alnyp barylýar. Bilim edaralarynda, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde kämil tehnologiýalardan, kompýuter enjamlaryndan, multimediýa serişdelerinden we ýokary tizlikli internet ulgamyndan ýerlikli peýdalanylýar, okadylýan dersler bilen bagly elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, degişli programmalar döredilýär. Ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny kämilleşdirmek, bilimiň hem ylmyň ösmegini gazanmak, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmaklyga esas döredýär. Şeýle ýerine ýetirilýän işler häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda ulgamyň işini döwrebap derejede guramaklyga, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga, ýaş nesle ylym-bilim bermekde dünýä tejribesine daýanmak bilen ony milli ýörelgelerimiz bilen utgaşykly alyp barmaklyga itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň ösen innowasiýa babatyndaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilen ýörelgelerinden ugur alnyp eziz Diýarymyzda hil taýdan täzeçe ösüşler gazanylýar, netijeli sepgitlere ýetilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek dürli tehnologiki we ylmy täzelikleriň üstünde işlemegi we döretmegi, bilim ojaklaryna innowasion tehnologiýalary çalt depginde ornaşdyrylmagyny hem-de olaryň maglumat binýadynyň berkidilmegini üpjün edýär. Degişli pudaklarda sanly ulgama geçmekligiň möhüm wezipeleri elektron görnüşli hyzmatlardan netijeli peýdalanmaklyga ünsi gönükdirýär. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, ylmyň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti giňden ornaşdyrylýar. Bu möhüm başlangyçlar häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän maksatlary amal etmäge, ösen düşünjeli, giň dünýägaraýyşly nesli terbiýelemäge ýol açýar. Täze döwrüň röwşen ýolunda mähriban halkymyzy bagtyýarlyga, berkarar döwrümizi ýeňişli mezillere ýetiren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.
Teswirler