Pyrtykal Braziliýada, ABŞ-da, Meksikada we Hytaýda giňden öndürilýär. Ol esasanam, C witamine we antioksidantlara baý sitrus miwesiniň bir görnüşidir. Ispaniýa, Türkiýe, Hindistan, Müsür we Gresiýa ýylda 1 million tonnadan gowrak pyrtykal öndürýär.
Pyrtykal täze miwe hökmünde ulanmakdan başga-da onuň sykylan şiresi we guradylan görnüşi gündelik iýmitlenmekde köp möhüm orny eýeleýän miweleriň biridir.
Içindäki C witaminiň kömegi bilen pyrtykal öýjükleriň zaýalanmagynyň öňüni alýar we rak keseline sebäp bolýan erkin radikallara garşy göreşýär. Immun ulgamyny goldaýar we mikroorganizmlerden goraýar. Ýaş bilen baglanyşykly makula degenerasiýasyny haýallatmak bilen göz saglygyny goraýar. Mundan başga-da, demiriň siňdirilmegini ýokarlandyryp, ganazlygy gowulaşdyrmaga kömek edýär. Demir ýetmezçiligi bolan adamlar üçin ýumurtga we et ýaly demire baý çeşmeler bilen birlikde C witamini almak üçin pyrtykal suwuny içmek peýdalydyr.
Pyrtykalyň düzümindäki C witamini, stres gormonynyň kotrisolyny basyp, gan basyşyny kadalaşdyrmaga kömek edýär. Süýji keseli, ýürek-damar keselleri, artrit we alsgeýmer ýaly kesellerde hem peýdaly hasaplanýar.
DNK sintezi üçin möhüm witamin bolan foliý turşusy pyrtykalda köpdür. Şol sebäpli pyrtykaly, esasanam göwreli zenanlara iýmegi foliý turşusynyň ýeterlik kabul edilmegini goldamak bilen dogabitdi kemçilikleriň öňüni alyp biler. Bulardan başga-da pyrtykal sarp etmek böwrek daşlary üçin hem peýdalydyr. Pyrtykal içindäki sitrat, böwreklerde kalsiýniň ýygnanmagynyň öňüni alyp, daşlaryň emele gelmegini togtatýar.
Ogulşirin BERKELIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler