Geterohromiýa

Geterohromiýa – sag we çep gözleriň göz almasynyň reňkleri ýa-da bir gözüň göz almasynyň dürli reňkde bolmagydyr. Şeýle hem, geterohromiýa deriniň ýa-da saçyň dürli reňkde bolmagyny hem aňladyp biler. Munuň ýaly üýtgeşiklik melanin pigmentiniň ýetmezçilik edenligi zerarly ýüze çykyp bilýär. Gözüň reňki, ýagny göz almasynyň reňki bu pigmentiň paýlanyşy ýa-da konsentrasiýasy bilen kesgitlenilýär.

Täze doglan çagalaryň gözleri köplenç adatdakysyndan has açyk reňkde bolýarlar. Ýaş ulaldygyça gözüň reňki hem garalyp başlaýar, ýöne käwagt reňk çuňlugyny hem saklap bilýär. Bu seýrek duş gelýän hadysadyr. Ýöne şeýle hadysanyň ýüze çykma ähtimallygy henizem pes bolsa-da, doly geterohromiýada has ýygy duş gelýär.

Geterohromiýa esasan genetiki ýa-da alnan görnüşlere bölünýär. Köplenç gözüň geterohromiýasynyň arasynda hem tapawut bolýar: doly we bölekleýin. Doly geterohromiýada bir gözüň reňki beýlekisinden tapawutlanýar. Bölekleýin geterohromiýada bolsa bir gözde birnäçe reňk tapawutlanýar. Muňa başgaça sektor geterohromiýasy diýilýär.

Geterohromiýa adamlara seredeniňde haýwanlarda has ýygy duş gelýär. Olarda adatça bir gözi gök bolýar. Dürli reňkdäki gözleri düýbünden ak pişiklerde ýa-da köp bölegi ak bolan pişiklerde, esasanam Wan pişiginde we Türk Angora ýaly tohumlarynda tapyp bolýar. Täsin gözli pişikleriň bir gözi mämişi, sary ýa-da ýaşyl, beýlekisi bolsa gök reňkde bolýar. Rowaýatlara görä, Muhammet pygamberiň söýgüli pişiginiň gözleri hem dürli reňkde bolupdyr.

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok