Eýran Türkmenistan bilen gaz importyny artdyrmak barada gepleşik geçirýär!

Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji Eýranyň Ministrler Kabinetiniň şu gün Tähranda geçirilen mejlisinden soň habarçylara Eýranyň gaz importyny artdyrmak barada Türkmenistan bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy.

Owjiniň belleýşi ýaly, Türkmenistandan gazyň import edilmegi Eýranyň ýurduň demirgazyk we demirgazyk-gündogar sebitlerine ýakyn gyş möwsüminde gaz ibermek boýunça edýän tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar. Şeýle hem ol Eýranyň türkmen gazyny Azerbaýjan bilen çalyşmagyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Azerbaýjan, Eýranda we Türkmenistan türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana geçirmek barada ylalaşyga gol çekipdi. 2022-nji ýylyň 3-nji iýunynda Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Eýranyň nebit ministri Jawad Owji Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana türkmen gazyny iki esse artdyrmak üçin Bakuwda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

Guwanç JUMADURDYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok