Sagdyn maşgala — sagdyn jemgyýet

Maşgala diýmek, uç-gyraksyz deňizde ýüzüp barýan gaýygyňyzy iki bolup küreklemek diýmekdir. Deňizde bolsa duýman durkaň gaý-tupanam, harasadam gopuberýär. Ýürekler bir bolanda, arzyly kenar daşda däl. Maşgalada döreýän ownuk-uşak düşünişmezliklere ýüz berip, olary ulaltmak iň uly ýalňyşlyklaryň biridir. Ýakynlaryňy alada goýman, her bir meseleden özüň baş alyp çykyp bilseň, gatnaşyklar hem uzagyndan bolar, maşgala gymmatlygy hem goralar.

Eziz Watanymyzda döwlet tarapyndan her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň şertler döredilýär. Çünki maşgala jemgyýetiň özeni bolup, oňa möhüm durmuş we terbiýeleýjilik orny degişlidir. Maşgalanyň jebis, agzybir binýatda kemala gelip, mukaddes ojakda sagdyn, päk ahlakly, gowy terbiýeli, okamaga, hünär öwrenmäge höwesli nesilleriň ýetişdirilmegi jemgyýetde ykdysady we durmuş ösüşiniň tizleşmegine öz oňyn täsirini ýetirýär.

Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary göwnejaý berjaý edilende, maşgalada hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýär. Maşgalanyň goralmagy babatynda kazyýetlere hem borçlar ýüklenip, nika bozmak hakynda işlere seredilende, är-aýaly ýaraşdyrmak we maşgalany saklamak üçin zerur çäreleri görmäge, zerur halatlarda är-aýaly ýaraşdyrmak üçin 6 aýa çenli möhlet belläp, işe seretmegi gaýra goýmaga borçlandyrýar. Görkezilen kadanyň berjaý edilmegi iş tejribesinde özüniň netijesini berip, maşgala gatnaşyklarynyň dikeldilmegine, ýagny her bir ojakda agzybirligiň höküm sürmegine, çagajyklaryň ene-atanyň mährinden ganyp, bir maşgalada terbiýelenmegine oňaýly täsirini ýetirýär.

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar durmuşda ýaşaýan her bir türkmen maşgalasynda agzybirlik, abadançylyk höküm sürsün, mukaddes çaga sesleri hemişe ýaňlanyp dursun!

Aýgözel SAPAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok