Heopsyň piramidasy

Heopsyň piramidasy – Müsür piramidalarynyň iň ulusy bolup, Gadymy Müsüriň binagärlik sungatynyň ýadygärligidir. Ol şu günlerimize çenli saklanyp galan ýeke-täk ,,Dünýäniň ýedi täsinligidir’’ we häzirki täsinlikleriň hem iň gadymysy hasaplanylýar. Onuň ýaşy 4500 ýyl töweregi diýlip çaklanylýar.

Heopsyň piramidasy Ýegipitiň paýtagtynda Nil derýasynyň çep golaýyndaky Giza platosynda ýerleşýär. Bu piramida köne Ýegipet patyşasy bolan faraon Heopsyň buýrugy bilen gurulýar. Tekiz taraplary we inedördül bazasy bolan bu piramidanyň platformasynyň ini we uzynlygy 10 metre ýetýär. Gurlandan soň, 3 müň ýyldan gowrak wagt, bu piramida Ýerdäki iň uly bina bolupdyr. 1979-njy ýyldan başlap Heopsyň piramidasy we onuň töweregindäki beýleki piramidalar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Beýik piramidanyň arhitektory Ýegipitiň weziri we Heopsyň ýegeni bolan Hemiun bolupdyr. Şeýle hem, ol ,,Faraonyň ähli gurluşyk taslamalarynyň dolandyryjysy’’ adyny göteren. Käbir maglumatlara görä gurluşyk 20 ýyl dowam edipdir we biziň eramyzdan öňki 2540-njy iýulda gurluşygy tamamlanypdyr diýlip çaklanylýar.

Müsürde häzirki döwürde Heopsyň piramidasynyň gurluşygynyň başlanýan senesi resmi taýdan baýramçylyk diýlip hasaplanylýar. Bu baýramçylyk 2009-njy ýyldan başlap her ýylyň 23-nji awgustynda bellenilip geçirilýär.

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok