Eýranda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Türkmenistanyň iň ýakyn goňşusy bolan we umumy taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostlukly döwletleriniň biri hem Eýran Yslam Respublikasydyr. Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky strategiki we giň möçberli hyzmatdaşlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we deňhukukly gatnaşyklaryň ählumumy we mizemez ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy.

Şu ýylyň 22 — 26-njy noýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler.

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynda geçiriljek Medeniýet günleriniň çäklerinde taýýarlanan meýilnama esasynda ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisini, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini, iki ýurduň senetçileriniň tejribe alyşmagy we döredijilik duşuşygyny, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan iki ýurduň alymlarynyň, ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň döredijilik duşuşygyny, şeýle-de türkmen filmleriniň görkezilişini geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, meýilnama esasynda türkmen wekiliýetiniň Eýranyň Yspyhan şäheriniň medeni ojaklaryna we gözel ýerlerine baryp görmekleri, şeýle-de Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy mynasybetli iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konsertini hem geçirilmek göz öňünde tutulýar.

Aýgül ARNAMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok