Ajaýyp eseriň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

Golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasynyň Wenesiýa şäherinde iş saparynda boldy.

«Ka Sagredo» köşgünde geçirilen dabara Weneto sebitiniň ýardam bermeginde ýurdumyzyň Italiýadaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, bu ýerde türkmenistanly medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy. Onuň dowamynda halkymyzyň nusgawy aýdym-sazlary, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi we joşgunly çykyşlar dabaranyň myhmanlary tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen wekiliýetiniň Italiýa saparynyň çäginde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy hem-de ýurdumyzyň bu dostlukly döwletdäki doly ygtyýarly wekili Weneto sebitiniň gubernatory Luka Zaýa tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şahnazabanu ÝUSUPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok