Ýaşyl energetika näme?

“Ýaşyl” energiýa (Gaýtadan dikeldilýän energiýa) bu – adam düşünjelerine laýyklykda tükeniksiz çeşmelerden emele gelýän energiýa.

Gaýtadan dikeldilýän energiýany ulanmagyň esasy ýörelgesi, ony daşky gurşawda yzygiderli bolup geçýän proseslerden almak we ony tehniki taýdan ulanmak üçin elýeterli etmekden ybaratdyr.

“Ýaşyl” energiýa tebigy ýol bilen doldurylýan gün şöhlesi, ýel, ýagyş, tolkunlar we geotermiki ýylylyk ýaly tebigy resurslardan alynýar. Dünýädäki energiýa sarp edilişiniň takmynan 18% -i gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden, 13% -i bolsa oduň ýanmagy ýaly adaty biomassadan alynýar. Häzirki wagtda “ýaşyl” energiýa köp sanly senagat kärhanalaryň ösüşi üçin möhüm ýörelge bolup durýar.

Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany öndürmek, elektrik üpjünçiliginiň şertnamalaryna laýyklykda gurulýar. Energiýanyň bu görnüşini öndürmek ekologiýa taýdan maksadalaýyk bolup, gazylyp alynýan ýangyçlardan has az zyňyndy döredýär.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň içinde iň kuwwatlysy Gün energiýasy hasaplanýar. Watanymyzda Gün energetikasyny ösdürmek üçin diýseň amatly şertler bar. Türkmenistanda ýylyň dowamynda 300-den gowrak güneşli gün bolup, gije-gündiziň ýagty wagty 12-14 sagada barabardyr.

Diýarymyzda ýel energetikasyny peýdalanmagyň hem amatly mümkinçilikleri bar. Ýurdumyzyň günorta-günbatar we demirgazyk-günbatar bölegi ýelli sebit hasaplanýar. Hazar deňziniň çäklerinde ýeliň ortaça tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýär. Bu görkeziji daglyk sebitlerde sekuntda 4-5 metre, Garagum sährasynda bolsa sekuntda 5 metre barabardyr.

Gunça MOMMYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok