Talyplaryň arasynda himiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasyna badalga berildi

14-nji noýabrda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dünýäniň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda himiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasyna badalga berildi.

Bu internet olimpiadasyna dünýäniň 22 ýurtlarynyň, şol sanda GDA döwletleri, 58 ýokary okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşýar.

710 talybyň gatnaşmagynda geçirilýän bu internet olimpiadasyna Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň uniwersitetleriniň wekilleri eminlik eder. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň, Belarus Respublikasynyň Belorus döwlet uniwersitetininiň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Baku döwlet uniwersitetiniň professorlary bar.

Bu internet olimpiadasynyň esasy wezipesi zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmakdan, ýokary okuw mekdepleriniň aýry-aýry ylmy merkezleriniň özara aragatnaşygyny amala aşyrmakdan ybarat bolup durýar.

Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde, şol sanda şahsy bäsleşikler “A” we “B” kategoriýalarda geçiriler.

Himiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy 17-nji noýabrda geçiriler. Ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar sylaglanar.

Aýgül BAGYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok