Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – paýhas miwesi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzdan dowamat-dowamly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda taryhyň dürli döwürlerinde dünýä edebiýatyna, medeniýetine, sungatyna, umuman durmuşyň dürli ugurlarynyň ösmegine goşant goşan türkmen akyldarlaryna, alymlaryna we şahyrlaryna goýulýan sarpa has-da belende göterildi. Bu bolsa gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkymyzyň şahyrana, pähim-parasada sarpa goýýan halkdygyny görkezýär. Onuň geçmiş taryhynda at-owazasy dünýä dolan şahsyýetleri sanardan köp bolupdyr. Şolaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderli hem-de Arkadagly Serdarly türkmen halky ösüşlere tarap ynamly ädimler bilen öňe barýar. Bu gün Magtymgulynyň arzuw eden berkarar döwletini gurup, maksatlara ýetildi. Türkmen halky beýikleriniň sarpasyny hemişe belent tutan halkdyr. Magtymguly Pyragy hem sarpasy bu günki gün belende galdyrylyp, diňe türkmen iliniň däl, tutuş dünýä halklarynyň söýgüli şahyryna öwrüldi. Milli Liderimiz beýik akyldaryň akyl-paýhasyna, şygyrlarynyň gymmatyna göz ýetirip, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenip, sarpasyny belende galdyrýan ummasyz işleri amala aşyrdy, birnäçe atalyk kitaplarynda akyldaryň goşgularyny ylham çeşme edinip dürdäne eserlerini halkymyza sowgat etdi. Bu eserlerde beýikligiň beýiklige tüýs ýürekden çykýan buýsanjyny, sarpasyny duýmak bolýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa goýup, goşgularyny ussatlyk bilen eserlerine siňdiren Gahryman Arkadagymyzyň setirlerinden hem akyldara goýýan sarpasy mälim duýulýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen şahyryň eserleri dünýäniň köp dillerine terjime edildi, ençeme ýurtlarda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde onuň heýkelleri oturdyldy. Şahyryň döredijiligi bilen bagly halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlar, medeni-köpçülik çäreleri yzygiderli geçirilýär. Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu baýramçylygyň çäginde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň edebiýatymyzy we sungatymyzy döwrebap ösdürmekde we giňden wagyz etmekde ähmiýeti uludyr. 2024-nji ýylda akyldarymyzyň 300 ýyllyk toýuna döwlet tarapyndan görülýän taýýarlyk eýýäm şu günlerden dowam edýär. Paýtagtymyzda Magtymguly atamyzyň uly heýkeli gurulýar we ol geljek ýyl Magtymguly Pyragynyň şygryýet günlerinde açylmagyna garaşylýar. Bu ýubileý senä bagyşlanyp kän sanly çäreler, taýýarlyklar, maslahatlar, baýramçylyk dabaralary yzygiderli geçirilýär. Magtymgulynyň eserleri dolulygyna birnäçe gezek neşir edilip halka ýetirildi. Gazet-žurnallarda akyldaryň döredijiligi barada ýüzlerçe makalalar çap edildi. Ýurdumyzda akyldaryň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatlaryň gysgaça beýanlary neşir edildi. Arkadagymyzyň ylmy, bilimi ösdürmek üçin çykaran kararlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynda aspiranturalaryň we doktoranturalaryň açylmagy beýik şahyryň döredijiliginiň has çuň öwrenilmegi, täze ylmy işleriň ýazylmagy üçin giň ýol açdy. Ine, şunuň özi hem Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga goýýan çäksiz sarpasynyň aýdyň beýanydyr.

Türk medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respulikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly ”Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Türkmenistanyň gadymy şäheri Änew şäherini bolsa, 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny goldamagy Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän asylly ýörelgeleriniň, beýik işleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Gülbahar GARÝAGDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok