Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir» diýen örän çuň paýhasly şygary bilen başyny başlan giň gerimli özgertmelerini «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen täzeçe bir baý mazmunly şygar bilen netijeli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkyzymyň «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýen pähminden ugur alnyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň döwrebap «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda netijeli durmuşa geçirilýän bu maksatnamalaýyn çäreler ýurdumyzda her bir raýatyň lukmançylyk kömeklerini bökdençsiz alyp bilmegini, halkymyza dünýä lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýasynyň iň täze gazananlary bilen hyzmat edilmegini göz öňünde tutýar.
Maksat GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler