Türkmenistana gaçan meteoritler barada

Asman gümmezinde görünýän iň täsin jisimleriň biri hem süýnýän ýyldyzlardyr ýagny meteorlardyr. Hakykatda, süýnýän ýyldyzlar özboluşly täsin asman jisimleridir. Olar kosmosdaky has kiçi jisimleriň ýollarynyň Ýere gabat gelen wagtynda ýüze çykýar. Şol wagtda kosmos jisimi sekuntda 11-den 72 kilometre çenli tizlik bilen Ýeriň atmosferasyna girip, ýanyp, süýnýän ýyldyzlara öwrülýärler. Ýere tarap gelýän kosmos jisimleri atmosferanyň 120 – 80 kilometr ýokary gatlaklarynda ýanyp, özleriniň köp milliardlarça ýyla ýetýän ömrüni tamamlaýarlar.

“Gabakly” alty ilkinji türkmen meteoriti 1968-nji ýylda Türkmenabat şäherinden 100 km çemesi günbatardaky Gabakly obasynyň golaýyndan tapyldy, Massasy 4,1 kg bolan Bokurdak atly ikinji meteorit 1978-nji ýylyň sentýabr aýynda Bokurdak şäherçesinden 50 km uzaklykda tapylýar. Üçünji we dördünji meteoritleri Garagum çölüniň merkezinde işlän hünärmenler tapýarlar.

3-nji meteorit Diňli obasyndan 25 km demirgazykda tapylany üçin, ol “Diňli” diýlip atlandyryldy. 4-nji meteorit – “Akmolla” hem şol töwereklerden tapylýar. “Köneürgenç – Saparmyrat Türkmenbaşy” diýen at bilen Halkara meteorit guramasy tarapyndan hasaba alynan 5-nji türkmen meteoriti 1998-nji ýylyň iýul aýynyň 20-sinde 17 sagat 30 minutda Köneürgenç şäheriniň golaýyndaky pagta meýdanyna gaçdy. Ol meteoritiň gaçmagy zerarly, emele gelen çukuryň çuňlugy 3,7 metre, diametri 4,5 metre barabardyr. Meteoritiň Ýeriň üstüne gaçan iň uly böleginiň massasy 850 kg golaý, ululygy 72x80x48 sm. Onuň Ýere gaçyp tapylan bölekleriniň umumy massasy 1000 kg golaýdyr. Ol asman daşynyň düzümi demirden we daşdan ybaratdyr. Meteorit günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara hereket edipdir. Onuň Ýeriň atmosferasyna girmezinden ozalky massasy 9-10 tonna golaýdyr diýlip çak edilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, “Köneürgenç – Saparmyrat Türkmenbaşy” meteoriti XX asyrda Ýere gaçan daş meteoritleriň arasynda agramy boýunça hytaý we amerikan meteoritlerinden soň üçünji orny eýeleýär we äpet meteoritleriň hataryna goşulýar. Emma ol düzümindäki minerallaryň (45) we elementleriň (25) sany boýunça ilkinji orunda barýar.

Aýgözel GURBANNYÝAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
koreý dili hünäriniň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok