Diňe küşt barada

  • Küşt iki sany garşydaş oýunçy tarapyndan ýörite 64 öýjükli tagtada oýnalýar. Keseligine we dikligine 8 öýjükli tagta 32 gara we 32 ak öýjükden ybaratdyr.
  • Küştde ulanylýan çöpler XV asyryň ahyrynda Ispaniýada döräpdir.
  • Küştde iň ýokary at grossmeýsterdir.
  • Alymlar küşt oýnamagyň beýniniň iki ýarym şaryny hem işjeňleşdirýändigini subut etdiler.
  • Küşt olimpiýa sport oýnudyr. Şeýle-de bolsa, olaryň aýratyn Bütindünýä olimpiadasy bolup, bu ýerde küştçiler hem doping üçin barlag edilýär.
  • Eplenýän küşt tagtasy ruhanynyň pikiri sebäpli peýda boldy.
  • Aleksandr Puşkin, Lew Tolstoý, Galileo Galileý, Dante Aligheri, Wolter, kardinal Riçeliu, Napoleon Bonapart we başgalar küşt oýnamagy halaýardylar.
  • Häzirki wagtda Bill Geýts, şeýle hem Julia Roberts, Will Smit we Arnold Şwarsenegger ýaly daşary ýurt kino ýyldyzlary hem küşt oýnamagy halaýarlar.
  • Küşt sagady oýunçylaryň uklamazlygy üçin peýda boldy.

Oguljennet GARAJAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok