Gözel Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäheri nurana keşbi, ajaýyp gözelligi bilen haýrana goýýar. Tebigatyň gözellik bilen sazlaşýan ýeri bolan şäher häzirki zaman «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlup, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilendir. Şäher gurluşygynda ekologik abadançylyga aýratyn üns berilmegi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygyny görkezýär. Innowasion taslamasy dünýä we milli binagärliginiň iň gowy tejribesini özünde jemleýän kaşaň binalar şäheriň görküne görk goşýar. Medeni-durmuş maksatly binalara beýik we görnükli şahsyýetlerimiziň ençemesiniň atlarynyň dakylmagy olara goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydyr.
«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan ilkinji şäher halkara sylaglaryň jemi 21-si bilen sylaglanyldy. Şolaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Türki dünýäniň inženerler we arhitektorlar birleşiginiň, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ginnesiň rekordlar kitabynyň we beýleki birnäçe düzümleriň, ýöriteleşdirilen edaralaryň degişli sylaglary bar. Ýeri gelende, şu aýyň başynda Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berlendigini hem bellemek gerek. Bularyň ählisi Köpetdagyň eteginde kemala gelen Arkadag şäheriniň gurluşygynda ulanylan öňdebaryjy tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine, «akylly» we «ýaşyl» şäher çemeleşmelerine, ekologik we binagärlik aýratynlyklaryna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigini tassyklaýar.
Agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde hemişe uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Hürsent ATAMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler