14-nji noýabr Diabete garşy bütindünýä göreş güni

Döwletimizde süýjüli diabete garşy göreşmek ugrunda uly işler geçirilýär. Bu ugurlarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap, häzirki zaman, ýokary hilli lukmançylyk enjamlary oturdylan ylmy-kliniki merkezlerinde, hassahanalarda, keseli anyklaýyş merkezlerinde, saglyk öýlerinde toplumlaýyn işler amala aşyrylyp, howpsuz göwrelilik, eneleriň çaga dogurmak döwründe saglygyny goramak boýunça hyzmatlaryň hili yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Diabete garşy bütindünýä göreş güni Diabetiň halkara federasiýasy bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan bilelikde esaslandyrylyp, BMG-niň howandarlygynda halkara derejede her ýylyň 14-nji noýabrynda geçirilýän çäre hökmünde asylly däbe öwrüldi. Süýjüli diabet ýokanç däl kesellere degişlidir.

Süýjüli diabet bütin dünýäde köp ýaýran keselleriň sanawyna girýär. Bu keselden örän köp adam ejir çekýär. Süýjüli diabeti gutarnykly bejerip bolmaýar, ýöne onuň üçin ruhdan düşmeli däl. Süýji keselli näsaglar hem uzak we sagdyn ýaşap bilerler. Onuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli.

Her bir adam öz saglygyny goramak, berkitmek hem-de beden agramyny bir derejede saklamak üçin dogry iýmitlenmeli, yzygiderli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli, sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaly, zyýanly endiklerden daşda durup, işjeň hereketde bolmaly, arassa açyk howada gezelenç etmeli, ertirine ylgamak, pyýada ýöremek endigini sagdyn durmuş ýörelgesine öwürmelidir.

Dilber JUMAMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
koreý dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok