Ýurdumyzda saglygy goraýyş işgärleri üçin Çaganyň ösüşine gözegçilik etmek boýunça täzelenen elektron Gollanmanyň (CMDM) ulanylyşy bilen tanyşdyrmak üçin okuw-treningleri geçirilýär.
Gollanma geçen ýyl işlenip düzüldi. Ol ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda irki ýüze çykarmak, goşulyşmak we pediatriýa maksatnamasynyň çäginde işlenip taýýarlanyldy. Gözegçilik gollanmasy lukmanlaryň we mugallymlaryň işiniň durmuşyň irki döwürlerinde çagalaryň ösüşindäki kynçylyklary ýüze çykarmakda has täsirli bolmagy üçin döredildi.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan birnäçe okuw geçirildi. Okuw-treninglere Türkmenistanyň başlangyç saglygy goraýyş merkezleriniň hünärmenleri çagyryldy. Okuw barşynda programmanyň işleýşi we elektron Gollanma ulgamyny ulanyp, maglumat ýygnamak tejribesi bilen tanyşdyryldy.
Ýeri gelende belläp geçsek, dekabr aýynda sebitlerde lukmanlary we mekdebe çenli çagalar işgärlerini taýýarlaýan hünärmen tälimçiler ulgamyny döretmek meýilleşdirilýär.
Oguljemal ANNAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler