Türkmen himiýaçy alymlary tehniki duz öndürmegiň täze usulyny işläp taýýarladylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymyň tehnikanyň gazananlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şundan ugur alyp Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary laboratoriýa şertlerinde tehniki duz kislotasyny almak maksady bilen ylmy-barlag geçirdiler, onuň netijesinde ýerli çig maldan tehniki duzy öndürmegiň usulyny işläp taýýarladylar. Bu barada TDH habar berýär.

Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän tehniki duz kislotasyny öndürmek boýunça himiýaçy alymlaryň oýlap tapan tehnologiýasynyň uly ykdysady ähmiýeti bar. «2021–2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda himiýa ylymlaryny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipelerden ugur alyp, halk hojalyk pudagynda özgertmeleri amala aşyrmak we ekologiýa taýdan arassa we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň öwezini dolmak himiýa ylmynyň gazananlaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Taýýarlanan önümçilik tehnologiýasyny synagdan geçirmek üçin «Garabogazkarbamid» zawodynda Garabogazköl aýlagynyň baý mineral çig maly bolan bisofit bilen konsentrirlenen kükürt kislotasyny reaksiýa edip, tehniki duz kislotasyny öndürmek üçin zerur enjamlar taýýarlandy. Synaglarynyň netijesi üsütnlikli geçirildi we 35-37,5% konsentrasiýaly tehniki duz kislotasy alyndy.

Şamämmet Orazgeldiýew,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň
I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok