- Soganda bar bolan B9 witamini saçyň dökülmeginiň öňüni alýar, derisini güýçlendirip, saçyň sagdyn ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.
- Sogan adamyň immun ulgamyny güýçlendirýär.
- Sogan şiresi kellagyryda burna, iriň ýa-da suw aksa gulaga damdyrylýar.
- Soganda C witamininiň ep-esli mukdarda bolmagy sebäpli, ol singa keseline garşy iň gowy serişdedir.
- Ýaş düýp sogan bedendäki alyş-çalşygy gowulandyrýar, duzlary çykarýar.
- Sogan gyrmyzy gan öýjükleriniň mukdaryny artdyryp, ganazlygyň öňüni alýar.
- Sogan ýaralara ýapylanda, iriňli ýaralary arassalaýar, olaryň çalt bitmegine ýardam edýär.
- Sogan derini terleşdirýär, rahatlandyrýar, goranyjylyk ukybyny berkidýär.
- Soganyň dişleriň berk bolmagyna hemde diş etiniň keselleriniň öňüni almaga peýdasy uludyr.
Şasenem AGAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
ýapon dili hünäriniň talyby.
Teswirler