Üstümizdäki ýylyň 22-23-nji noýabrynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde “Türkmenistanda maýa goýum we ösüş” atly halkara forum geçiriler.
Çärä Türkmenistanyň ýokary derejeli birnäçe resmi wekilleri, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty, Energetika, Oba hojalyk ministrlikleriniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konserneleriniň, “Rysgal” banknyň, “Türkmenaragatnaşyk” we “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň, Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň wekilleri gatnaşarlar.
Forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň Hökümet agzalary, döwlet edaralarynyň we hususy düzümleriniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirip bilerler.
Forum Türkmenistanyň ykdysasdyýetiniň esasy düzümlerindäki täjirçilik mümkinçiliklerini beýan etmäge üns berip, öňdebaryjy kompaniýalara ýurduň ösüş meýilnamalary we halkara hyzmatdaşlyga bolan meýilleri bilen ýakyndan tanyşmaga şert döreder. Bu çäre halkara bilermenleri, seljerme işlerini geçirýän hünärmenleri, kompaniýalaryň we guramalaryň wekillerini hem-de Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleriniň ýolbaşçylaryny bir ýere jemlejek amatly meýdança öwrüler.
Forumyň maksady täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny döretmekden we ozaldan bar bolanlary has-da giňeltmekden ybaratdyr. Forumda Türkmenistanyň ykdysady ösüş we maýa goýum kuwwatlyklary, hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşemeleri, maliýe, bank we ätiýaçlandyryş, durmuş düzümleri ösdürmek üçin maýa goýumlar ugurlaryna degişli meselelere garalar.
Güljeren HYDYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler