Hindistanda hyýalym

Dünýä boýunça iň köp ilatly ülkeleriň biri hasaplanýan Hindistan barada nämeler bilýärsiňiz? Magtymguly atamyzyň şygyrlarynda syýahat etmegi höwes eden mekany Hindistan şeýle-de hindi halkynyň özboluşlylyklary syýahat edeniňizde gabat geljek täsinlikler barada maglumatlary bir ýere jemledik.

  • Ilkinji nobatda, Hindistan döwleti iň köp dilli millet hökmünde tanalýar. Sebäbi ol ýerde diñe bir hindi dilinde däl ,eýsem 400 dilden gowrak gepleşigi bar.
  • Hindistanda tiz tiz el tutuşyp ýöreýän erkekleri görmegiňiz mümkin. Bu hiç hili ýamanlygyň alamaty däl. Ol dostlugy şeýle beýan edýärler.
  • Köp ynsanlaryň pikiriçe Hindistanda diňe hindiler ýaşaýar diýip hasap edýärler. Bu nädogry. Ol ýerde musulmanlar, hristianlar we birnäçe din wekilleri hem ýaşaýar.
  • Hindistan ilatynyň üçden bir bölegi wegetirýanlardyr. Olar hat-da ýumurtga hem iýmeýärler. Şol sebäpden olar üçin niýetlenen ýörite restoranlar bar.
  • Hindistanda sygyrlar keramatly haýwanlar hasaplanýarlar. Şonuň üçin olar şäher köçelerinde hem arkaýyn gezip bilýärler.
  • Kämahallar hindi ilaty “hawa” sözüni başyny ýaýkamak arkaly görkezýärler. Emma muny daşary ýurtlar “ýok” manysynda düşünýärler.
  • Hindistanyň köçesinde maşynlar, motosikiller, tigirler, skuterlar, sygyrlar bir ugurda aralaşyp ýöreýärler. Bu hereket daşary ýurtlar üçin geň hadysa bolsalarda olaryň özüniň arasynda ylalaşyk bolýar.
  • Eger siz Hindistanda awtobusa münseňiz taýyn boluň, awtobus sizi alan bekedine gaýta getirmezligi mümkin. Hat-da awtobus orta ýolda durup galmagy ýada böküp düşmegiň hem mümkin. Ýa-da awtobus bekedine 100 metr galanda düşürmegi hem mümkin.
  • Hindistanda iň meşhur ulaglar bu motosikller we mopidler. Olar bahasy elýeterli bolup daşary ýurtly ilatlar hem satyn alyp bilýärler. Olary sürmek üçin sürüjilik şahadatnamasy gerek bolmaýar.
  • Hindistanda aýlanmak üçin iň elýeterli transport bu poýezdir.
  • Hindistanyň ilaty ajy tagamlary iýmegi gowy görýärler. Sebäbi ýaşlygyndan ajy tagamlary iýýärler.
  • Hindistanlylar daşary ýurtlulary gowy görýärler. Olar daşary ýurtly adamlar bilen surata düşmäge ymtylýarlar.
  • Hindistanyň köçeleri hiç haçan arassa bolmaýar. Olar arassaçylyga onçakly ähmiýet bermeýärler.
  • Hindistanda 400-den gowrak etnik toparlar ýaşaýarlar.
  • Hindistanda ýylyna 1000-den gowrak film çykarylýar.
  • Hindiler tans oýnamagy we aýdym aýtmagy gowy görýärler. Şol sebäpden olaryň kinolary aýdymsyz we tanssyz bolmaýar.
  • Hindi senenamasynda 6 möwsüm bar. Olar: bahar, ýaz, ýagyş möwsümi, güýz, gyş, ir bahar.
  • Mumbaý şäheri iň baý we iň garyp şäher hasaplanýar. Hiç bir ýurtda bular ýaly baýlary we köçede ýatan garyplary görmersiňiz.
  • Hindistan iňlis dilinde gürlemek boýunça Amerikadan soň ikinji ýerde durýar.
  • Hindistanda 300000 sany metjit hasaba alnan.
  • Dünýäniň 70% gök otlary Hindistandan eksport edilýär.
  • Dünýäniň 11% altynlaryna hindi zenanlary eýelik edýärler.
  • Hindistan XVII asyrda Britaniýanyň gozgalaňyndan öň dünýäniň iň baý ýurdy hasaplanýardy.

Şeýda DÖWLETOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok