Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynda döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň deňiz-derýa, howa, demir we awtoulag ýollary arkaly gämilerdir uçarlar, otlular, ýük we ýolagçy awtoulaglary bilen ýükleri daşamakda, ýolagçylary gatnatmakda netijeli işler alnyp barylýar. Bu işleriň agramly bölegi bolsa ýurdumyzyň çar künjüne ýaýran polat ýollarda hereket edýän otlulara degişlidir.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak bilen, Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljegi esaslandyrylyp, Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirip biljek ulag halkasy döredilýär. Türkmenistanyň durnukly ulag syýasaty dünýäde uly goldawa eýe bolýar.
Ýurdumyzda «Demirgazyk — Günorta» halkara demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bütindünýä bähbitli tutumly başlangyçlarynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Halkara üstaşyr ulag-aragatnaşyk düzümleriniň täze ugurlarynyň kemala gelmeginde, sebitiň döwletleriniň arasynda özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda, täze ykdysady giňişligiň we iri möçberli halkara hyzmatdaşlygyň döremeginde, sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde «Demirgazyk — Günorta» halkara polat ýoluna uly orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gurulýan döwrebap ýollar bu gün goňşy döwletleriň çäklerinden geçip, bütin dünýä ýol salýar. Bu ýollar dünýä ýurtlarynyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulmagy, täze bazarlara çykmagy üçin täze giňişlikleri açýar.
Kuwwat JUMAKOW,
Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler