Banan

Banan öz düzüminde köp derejede ýokumly maddalary saklaýan miweleriň biridir. Bananda adamyň bedenine peýdaly täsir edýän ýokumly maddalaryň köp bölegi jemlenendir. 100 gram bananyň energiýa berijiligi 95 kilokaloriýadyr. Şeýle hem onuň düzüminde 21,8 gram beloklar, 1,5 gram ýaglar we 0,2 gram beýleki ýokumly maddalar bardyr.

Bananyň düzümi С ýokumyna baýdyr. Şeýle hem ondaky betakarotin, kalsiý, kaliý, demir, ftor we fosfor ýaly elementler tutuş bedeniň işleýşine oňaýly täsir edýär. Ol holesteriniň derejesini hem peseldýär. Mundan başga-da banan aşgazan-içege we ýürek ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýar. Şeýle hem onda merkezi degna ulgamyna oňaýly täsir edýän maddalar bardyr.

Banan ýatkeşligiňi berkitmek üçin örän peýdalydyr. Hünärmenler günüň dowamynda iýlen bir bananyň ýadawlygy, gaharjaňlygy ýeňletmäge ukybynyň bardygyny belleýärler. Çünki onuň düzümi ýokumly witaminlere baýdyr. Banan şähdiňi açýar hem gujurly, işjeň bolmaga ýardam edýär. Banan bilen süýtden taýýarlanan şerbet ynsan bedeniniň üşükliligini güýçlendirip, bedene rahatlyk berýär. Şeýle-de, bedendäki suwuň hem-de duzuň kadaly mukdarda bolmagyna ýardam berýär.

Banan kaliý elementiniň çeşmesi hasaplanýar. Kaliý beden üçin zerur bolan iň möhüm iýmitlerden biridir. Gan şekerine gözegçilik etmek we optimal gan basyşyny saklamak üçin insuliniň öndürilmegine itergi berýär. Geçirilen gözlegler, kaliýiň ýokary derejesiniň keselden ölüm howpuny 20 göterime çenli azaldýandygyny görkezdi. Uly adamlar üçin durmuş ýörelgesine we beýleki faktorlara baglylykda günde 3500-4,700 mg bu möhüm iýmit maslahat berilýär. Ortaça bananda takmynan 450 mg bar. Bu talaby bir çeşmeden kanagatlandyrmak üçin takmynan 7 ýa-da 8 banan iýmeli bolarsyňyz. Emma artykmaç kaliý böwrek problemalary bolan adamlar üçin howply bolup biler.

Mähri HALLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
koreý dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok