Üzümiň peýdasy

Her ýyl dünýäde 70 mln tonnadan gowrak üzüm ösdürilip ýetişdirilýär. Adatça Ýakyn Gündogar üzümiň watany hasaplanýar. Bu ýerde takmynan 6-8 müň ýyl mundan ozal üzüm ekilip başlanypdyr. Şol bir wagtyň özünde adamzat medeniýetinde çakyr öndürmegiň ilkinji arheologiki tapyndylary Gürjüstanyň çäginde peýda bolupdyr. Gadymy Müsürliler ieroglifleriň üzümden şerap ýasandyklaryny ýazypdyrlar. Müsürlilerden soň üzüm we çakyr önümçiligi Ýewropanyň dürli sebitlerinde, soňra bolsa Amerika ýerlerine ýaýrady.

Üzümiň daşynda, etlek şireli böleginde we hat-da tohumlarynda hem ýokumly iýmitlik maddalary saklanýar. ,,Concord’’- üzümiň iň bir durnukly sorty hasaplanýar. Ol özünde adamyň bedeni üçin zerur fitonutrientleri öz içine alýar.

  • Fenol;
  • Polifenol;
  • Rezerwatrollar we karotinoidler.

Fitonutrientler we gök önümlere aýratyn reňk, tagam we ys berýän bioaktiw birleşmeleriň toparydyr. Üzümiň peýdaly tarapy onuň hiline sortuna bagly bolup durýandyr. Kişmiş ýaly gaýtadan işlenen üzüm önümleriniň köpüsinde täze önüme seredende az birleşmeler saklanýar. Bu miwedäki antioksidantlar esasan iýmit reňkleri-flawinoidler bilen aňladylýar. Üzümiň düzüminde ýüzlerçe maddalar saklanýar. Esasan C witamini, marganes, beta-karotin.

Ylmyň tassyklamagyna görä, üzümiň düzümindäki saklanýan birleşmeler Fransiýada adamlardaky koronar ýürek kesellerini ep- esli derejede azaldypdyr. Ondan başga-da üzümiň düzümindäki resweratrol antioksidant häsiýetli bolany üçin ýürek-damar kesellerini ep esli azaldýar. Flawinoidler ýüregi gan damarlaryndan goraýar we ýokary holesteriniň zeperini azaldýar. Miwesindäki saklanýan rutin käbir zyýanly birleşmeleriň emele gelmeginiň öňüni alýar. 100-120 gram üzümde K witaminiň 20% dozasy saklanýar. Hytaýly alymlaryň geçiren gözegçilik işlerinde bu miwäniň döş, içege ýerlerinde döreýän howpyň öňini alýandygy barada aýdylýar.

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň
4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok