«TM KÜŞT» akademiýasynda geçirilen küşt ýaryşynyň jemi jemlendi

Şenbe güni «TM KÜŞT» akademiýasy tarapyndan «Küşt sportdyr, ylymdyr, sungatdyr» atly şygar bilen başlanan, küşt ýaryşynyň jemi jemlendi.

Ýaryşyň ikinji tapgyry diýseň çekeleşikli geçirildi, gatnaşyjylar öz aralarynda jemi 9 oýundan ybarat tapgyr boýunça bäsleşdiler.

Emin agzalaryň adalatly baha bermegi esasynda, küşt ýaryşyna gatnaşyjylaryň iki tapgyr boýunça gazanan utuklary jemlendi. Netijelere görä:

8,5 utuk bilen I oruna Allanazar Ýagşygeldiýew;

8,0 utuk bilen  II oruna Kakamyrat Narmedow;

7,5 utuk bilen III oruna Aýmyrat Narmedow;

mynasyp boldular. Gatnaşyjylaryň ählisine «TM KÜŞT» akademiýasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Sowgatlary InAshgabat portalynyň redaktory Ataýew Merdan gowşurdy.

Küşt ýaryşynyň ýeňijileri

«TM KÜŞT» akademiýasynda geçen küşt ýaryşynyň guramaçylygyna sport ussady Begenç Annaýew hem-de Perman Öwezow ýolbaşçylyk etdi.

Merjen Öwezowa,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok