Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli amala aşyrylýar.
Üstümizdäki ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabat şäheriniň Söwda we senagat edarasy we “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyşenjamlarynyň “Türkmentel – 2023” atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty hem bu pudagyň ösmegine uly itergi berer.
Halkara sergi Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçirildi. Bu foruma Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, jemgyýetçilik guramalary, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýaşulylar gatnaşdylar.
«Ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalýar.
Ýurdumyzda durmuş hyzmatlarynyň ähli ugurlarynda sanly tehnologiýalara ýykgyn edilýär. Bu bolsa öz gezeginde hyzmatlaryň işiniň has-da çaltlaşmagyna ýardam eder.
Bägül Atanepesowa,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky
Arkadag şäher mugallymçylyk orta
hünär okuw mekdebiniň I ýyl talyby.
Teswirler