Hasyl toýy – türkmeniň «Uly toýy»

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň:  «Eziz Diýarymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir»  diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, bu ajaýyp baýram Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň dowamat dowam bolýandygyny alamatlandyrýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, Hasyl toýy – halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdan milli baýramydyr. Bu milli baýramy merdana ata-babalarymyz hem uly dabara bilen güýz paslynda belläp geçipdir. Parasatly pederlerimiz öz milli senenamalaryna görä, noýabr aýynyň 22-sini gyş paslynyň başlangyjy hasap edipdirler we şol günden bir hepde, 8 – 10 gün öň hasyl toýuny toýlapdyrlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem özüniň  «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly iki jiltlik kitabynyň birinji jildinde merdana ata-babalarymyzyň Hasyl toýuny jana ýakymly güýz şemalynyň bark urýan ajaýyp güýz paslynda edebi gürrüňleriň täsiri astynda uly şatlyk-şowhuna besläp belläp geçendiklerini çeper beýan etmeklik: «Güýzki hasyl ýygnamak döwri ekiş möwsümi tamamlanandan soňra, salkyn güýz şemaly adamlara türkmen topragynda toý tutulýan döwrüň – ertekili täsin agşamlaryň başlanýandygyny habar beripdir. Uzak ýylyň dowamynda çekilen ahyrly zähmetiň rehnediniň eşretli-lezzeti görülýän şol günler Jennetiň bir pursadyna deňelipdir. Şoňa görä-de, ýylyň bereketli hasylynyň şanyna tutulýan baýramy «Uly toý» diýip atlandyrypdyrlar» diýip, örän jaýdar belleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabynda beýan etmegine görä, irki türkmen durmuşynda orta gürpde ýa-da oňa görä pukararak ýaşaýan her bir daýhanyň aladasy maşgalasyny ýeterlik huruşly etmekden daşgary-da, onuň Uly toýda – Hasyl toýunda agşam öýlerine ýygnanyşýan obadaşlaryna gowy hödür-kerem etmäge, bile oturyp, oba aýdyjysyny ýa-da belli bagşylary diňlemäge ýagdaýyny ýetirmek bolupdyr. Daýhanyň bütin ýylky çeken zähmetiniň rehnetine tutulýan Uly toýda – Hasyl toýunda aýdyjylar geçmişde ýaşap geçen türkmen we Gündogar şahsyýetleri, akyldarlary barada rowaýatlary, ertekileri gürrüň beren bolsalar, bagşylar öz gezeginde türkmen halk döredijiliginden edebi parçalary, eposdyr dessanlardan aýdymlary ýerine ýetiripdirler.Ýeri gelende, ýene-de bir bellemeli zat, merdana ata-babalarymyz tarapyndan daýhan hasylynyň şanyna gerimi giňden tutulan dabaraly agşamda toýa gelen märekä gyzykly ertekileri, rowaýatlary aýdyp, hezil berýän aýdyjylar, köplenç, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen dürli ýerlere söwda gitmek bilen meşgullanýan bezirgenler bolup, olar baran ýerlerinde gözi bilen gören, gulagy bilen eşiden wakalaryny, täsinliklerini diňleýjilere örän täsirli edip gürrüň beripdirler. Bezirgenleriň Uly toýa – Hasyl toýuna gelip, daýhanlar bilen ýakyn gatnaşykda bolmagynyň sebäbi-de olaryň daýhanyň ýetişdiren hasylyny Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän uly bazarlara äkidip, ikitaraplaýyn özara bähbidiň esasynda ýerläp bermekleri bilen berk baglanyşyklydyr. Ine şunuň haýyrly işiň maslahaty bolsa, köplenç, daýhan öýünde tutulýan Uly toýda – Hasyl toýunda daýhanlar bilen bezirgenleriň arasynda geleşik baglaşmak arkaly alnyp barlypdyr. Täjirler Uly toýda – Hasyl toýunda örän köpbilijiligi bilen akylyny haýran galdyran aýdyjylary öz ýanlary bilen kerwene goşup, argyşa äkidipdirler. Kerwene goşulyp giden güýçli aýdyjylar ozal öz güzeranlaryny aýlamak üçin daýhançylyk bilen meşgullanan bolsalar, indi olaryň köpüsi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän bazarlarda söwda etmegiň inçe tilsimlerini, usullaryny içgin öwrenip, öz ýetişdiren hasyllaryny argyşa gidip, dürli ýurtlaryň bazarlarynda özbaşdak ýerlemegi başarypdyrlar. Şeýlelik bilenem olar tüçjar baýlara öwrülip gidipdirler. Olaryň käbirleri bolsa, özleriniň pähim-paýhasy bilen baran ýerlerindäki ýerli uly täjirleriň ünsüni çekip, olaryň goldaw-hemaýat bermegi bilen şalaryň, patyşalaryň, hanlaryň atabegi wezipesini eýeläpdirler. Diýmek, geçmişde bereketli türkmen saçagynyň başynda gaty köp märekäni özünde jemläp, daýhanyň tutuş bir ýylky çeken zähmetiniň beren höziriniň şanyna giň gerim bilen tutulyp, «Uly toý» diýip atlandyrylan Hasyl toýy her bir daýhanyň rysgal-döwletiniň göterilmegine esas bolup hyzmat edýär. 

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň milli başlangyjy  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dowamat dowam bolup, halkymyzyň milli Hasyl toýuny her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde, ýagny merdana ata-babalarymyzyň belläp geçen wagtynda bellemek ýola goýuldy. Bu milli baýram Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň örän jaýdar belleýşi ýaly, häzirki ajaýyp zamanamyzda – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydyr, ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr, türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

                                                                                                  Toýly Jänädow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok