Bitaraplyk – buýsanjymyz

Bitaraplyk – bu parahatçylyk, asudalyk, ähliumumy howpsuzlyk, dostlukly gatnaşyklar, ykdysady hyzmatdaşlyk. Bitaraplyk dereje- ýurduň beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Ýurdumyz ,,Açyk gapylar’’ syýasatyndan ugur alyp, netijeli daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýär, özüniň parahatçylyk ýörelgelerini bütin adamzadyň bähbidine goýmaga çalyşýar. Munyň özi ýurdumyzyň barha artýan halkara abraýyna eýe bolýar. Ýurdumyzyň içerki we daşarky syýasatynyň netijesinde bu gün ýurdumyz dünýäniň syýasy giňişliginde syýasy depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly we asuda, sebit we halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyjy, ynamdar hyzmatdaş ýurtlaryň hatarynda giňden tanalýar.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy sözüň doly manysynda özboluşly nusgawy häsiýete eýedir. Bitaraplyk derejesiniň dürli-dürli görnüşleri bolup, olaryň hersiniň many- mazmuny aýratyn özboluşlydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata watanymyz sebitde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe boldy. Bu gün bolsa dünýä dostlugynyň mekany saýylýan ýurdumyzyň Zemin içre abraýy, meşhurlygy ýene-de artýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan işler tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilip, sebitde we dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga uly ýardam berýär. Türkmen halkyny eşretli durmuşa getiren Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli ähli tutumly işleri barha rowaçlyklara beslensin!

Aýna ORAZGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny
mehanizmleşdirmek fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok