“Agrosenagat dizaýn” bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Düýn TSTP-nyň Aşgabat şäherindäki Mejlisler merkezinde “Agrosenagat dizaýn” bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde guramagynda geçirildi.

Bäsleşik II (tanyşlyk,tehniki) tapgyrdan ybarat bolup, bäsleşigiň I tapgyryna jemi 70 adam gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjylar “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň logosyny ýasamak boýunça ýaryşdylar. Şeýlelikde bäsleşigiň II tapgyryna 40 adam gatnaşmaga hukuk gazanyp, olaryň 26-sy baýraklara orna mynasyp boldular.

Ýagny, şolardan baş baýraga – Döwran Ataýew we Maksat Myradow;

I orna – Maksat Hojaýew;

II orna – Altynaý Döwranowa;

III orna – Nurmyrat Gurbangylyjow, Arslan Rejepow, Abdyrahym Durdyýew, Mämmetoraz Orazberdiýew, Alýoş Amanow dagylar mynasyp boldular.

Belläp geçsek, häzirki wagtda “Ýigit” hojalyk jemgyýeti 70 gektar meýdanda ýyladyşhana toplumyny dolandyrýar. Ýyladyşhana toplumynda pomidorlaryň durnukly hem-de lezzetli sortlary ýetişdirilýär. Önümleriň 90 göterimini Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Russiýa, Belarus, BAE, Täjigistan we Owganystan ýaly ýurtlara eksport edilýär.

Şeýle-de okaň:
https://ashgabat.in/2023/10/10/agrosenagat-dizayn-baslesigi-gecirilyar/

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok