Üstýurt gyrynyň uzyn dilkaw şekilli bir çüňki ýurdumyzyň demirgazyk çäginde ýarym aýlaw şekilli uzap gidýär. Şol dilkaw şekilli gyryň içki bölegine Aýböwür diýilse, günorta gündogara uzap gutarýan bölegine Nalajyň gyry diýilýär. Şol ýerde Nalaç baba ady bilen gadymy gonamçylyk hem-de ýadygärlikler toplumy ýerleşýär.
Ýerli ilat Nalaç babany jykyry oýlap tapan, şonuň bilen gyryň üstüne suw çykaran adam hasaplaýar. Türkmen halkynyň arasynda Nalaç baba, ýene bir rowaýatda bolsa Noş pygamber jykyryň piri hökmünde bellidir. Halk arasynda aýdylýan rowaýatlara görä, Nalaç baba bir ugurda ýedi ýerde jykyr gurup, gyryň üstüne suw çykarypdyr, şol suw bilenem daýhançylyk edipdir.
Dilçi alym Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlüginde»: «Nalaç (näalaç) — «alaçsyz» diýmekdir, çünki gadym zamanlarda Hywa hany bir goja we onuň kowumlaryna gyryň üstünden ýer berýär. «Nä alaç edip, gyra suw çykaryp, ekin ekip bilerkäm?» — diýip, zeýrenýändigi üçin, ilat oňa Nalaç baba diýip at goýýar» diýlip bellenilýär. Nalaç baba 6-7 ýerde jykyr gurup, gyra suw çykarýar we ekin ekýär. Ýokarky delilden çen tutsaň, Nalaç baba onuň lakamy bolmaly.
Rowaýatlarda Nalaç babanyň uly pir, keramatly ulama, sahawatly daýhan bolandygy hakynda-da aýdylýar. Onuň aramgähiniň gapdalynda, gyryň etegindäki gowagyň içinde Gowsul Agzam piriň (Abdylkadyr Geýlanynyň) mazary bar. Abdylkadyr Geýlany Eýranyň Geýlan şäherinde 1077-nji ýylda doglup, 1166-njy ýylda Bagdat şäherinde aradan çykýar. Geýlany hukukçy, alym, uly pir bolupdyr. Onuň mazarynyň Nalaç babanyň ýanynda bolmagy hakynda dürli rowaýatlar bar. Ýokardaky deliller Nalaç babanyň Geýlany bilen döwürdeş bolup biljekdigi, onuň bilen gatnaşykda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky pikiri hyýalyňa getirýär. Getirilen mysallardan çen tutsaň, bu pirler hakyndaky maglumatlary ylmy taýdan doly öwrenmegiň gerekdigi öz-özünden düşnükli bolýar duruberýär.
Ogulbibi ÇARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler