Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: ««Berkarar döwlet islärin» diýip, halkyň parahat durmuşyny, döwletiň berkararlygyny arzuwlan akyldar şahyryň döwletlilik hakyndaky arzuw-islegleri Gahryman Arkadagymyzyň ulus-ilimize serpaý beren döwletli döwranynda hasyl boldy.» – diýip belleýşi ýaly, türkmen halky häzirki döwürde beýik Pyragynyň arzuwlan, Milli Liderimiziň mukaddes Watanymyzda berkarar eden ajap eýýamynda bolelin we eşretli durmuşyň, abadan we asuda ýaşaýşyň, bagtyýar ykbalyň hözirini görüp ýaşaýar.
Magtymguly atamyzyň arzuwlan ajap eýýamyny berkarar eden Milli Liderimiziň 2009-nji ýylda neşir edilen «Döwlet adam üçindir» atly ajaýyp kitabyndaky: «Biz häzir döwletimiziň berkarar bolmak döwrüni, tapgyryny üstünlikli geçdik. Häzir bolsa ony ösüşiň ýokary derejelerine götermek üçin Beýik Galkynyş eýýamyny yglan etdik.» – diýen dana taglymyndan hem mälim bolşy ýaly, garaşsyz döwletimiziň binýadyny berkidip, baky berkararlygyny gazanmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Beýik Galkynyş eýýamyny başdan geçirdik we beýik Pyragynyň çuňňur mazmunly çeper pikirlenmesiniň baş şygaryna öwrülen berkarar döwletine, ajap eýýamyna – Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne, ondan soňra bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdyk. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly ajaýyp kitabynda-da örän giňişleýin çeper beýan edilýär. Hut şu nukdaýnazara esaslansak, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymgulynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen halkyna iberen gutlagynda belleýşi ýaly, hakykatdan-da, beýik Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti Gahryman Arkadagymyzyň ulus-ilimize serpaý beren döwletli döwranynda hasyl boldy.
Magtymguly atamyzyň arzuwlan berkarar döwletiniň ajap eýýamlarynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe we Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu beýik akyldaryň doglan gününiň şanly seneleri halkara derejesinde giňden dabaralandyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik akyldaryň doglan gününiň 290 ýyllygynyň bellenilmegi, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa dana Pyragynyň 300 ýyllygynyň häzirden giň dabaralara beslenmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran häzirki ajaýyp zamanasynda – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» atly halkara sanawyna girizilmegi, beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny ÝUNESKO-nyň «Şanly seneler» atly sanawyna goşmak barada teklibiň goldanylmagy we bütindünýä ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan beýik Pyragynyň gymmatly edebi mirasynyň örän düýpli öwrenilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýanyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabadyň günorta künjeginde beýik akyldaryň hormatyna gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna baranynda: «2024-nji ýylda türkmen halkynyň dünýä meşhur akyldar şahyrynyň 300 ýyllyk dabarasy giňden belleniler. 2024-nji ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan ederis. Munuň özi beýik şahyra goýulýan hormatyň nyşanyna öwrüler.» – diýip uly buýsanç bilen belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda asylly däp boýunça mukaddes Watanymyzda her ýylyň ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, guramalaryndan, kärhanalaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlarymyzdan gelip gowuşýan hem-de ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylýan köp sanly teklipleriň nazara alnyp, döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
Halkymyzyň her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbine eýerip, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldap, şonuň esasynda täze ýylyň şygaryny mynasyp atlandyrmak babatda öz teklibini aýtmagy öz mukaddes raýatlyk borjy hasaplaýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Mary etrap Geňeşi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde şöhratlandyrmak, onuň edebi mirasyny giňden wagyz etmek we dünýä ýaýmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen 2024-nji ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldap, täze ýylyň şygaryny «Pyragynyň arzuwlany – Arkadagyň eýýamy ýyly» diýip atlandyrmagy teklip edýär. Çünki, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymgulynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen halkyna iberen gutlagynda belleýşi ýaly, beýik Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti Gahryman Arkadagymyzyň ulus-ilimize serpaý beren döwletli döwranynda hasyl boldy. Hut şu nukdaýnazardan-da, 2024-nji ýylyň şygary «Pyragynyň arzuwlany – Arkadagyň eýýamy ýyly» diýlip atlandyrylsa, Magtymguly atamyzyň arzuwlan berkarar döwletiniň, ajap eýýamynyň – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baý taryhy mazmunyny özünde jemlär.
Toýly Jänädow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni.
Teswirler