Magtymguly Pyragynyň Andijan medresesinde okandygy baradaky ylmy täzeligiň üsti açyldy

Mertebesi belent Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge döwletimiz tarapyndan uly taýýarlyk görülýär. Bu toý türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent hormat-sarpasynyň, dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň näderejede belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler.» – diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar şahyrymyzyň şahyrana döredijiligi dürli dillerde älem-jahana ýaň salyp, bütindünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň iri halkara başlangyjy bilen, mertebesi belent Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» maksatnamasyna 80-den gowrak golýazma diwany goşulan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy bütindünýä ylmy jemgyýetçiligi bilen bir hatarda, türk alymlarynda hem uly gyzyklanma döredýär.

Emrah Yilmaz

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi, türkiýeli magtymgulyşynas, filologiýa ylymlarynyň doktory Emrah Ýylmaz türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Idrisbaba, Gögeldaş, Şirgazy medreselerinden başga-da Ferganadaky Andijan medresesinde hem okandygy baradaky ylmy täzeligiň üstüni açdy. Onuň magtymgulyşynaslyk ylmyna getiren bu ylmy täzeligini şahsy meýdan gözlegleriniň netijesinde, degişli resminamalaryň, kartalaryň we arhiw maglumatlarynyň esasynda ylmy nukdaýnazardan delillendirip anyklandygyny hem aýratyn bellemek gerek.

Türkiýeli ýaş magtymgulyşynas Emrah Ýylmaz Magtymguly Pyragynyň Idrisbaba, Gögeldaş, Şirgazy medreselerinden daşgary-da Ferganadaky Andijan medresesinde hem okandygy baradaky maglumata ilkinji gezek 1976-njy ýylda neşir edilen 14 tomluk Özbek sowet ensiklopediýasynyň  (Ўзбек Совет Энцикопедияси / O‘zbek Sovet Entsiklopediyasi) 7-nji tomunyň 98-nji sahypasynda gabat gelýär. Şol ýerde şahyryň bilim alan ýerleriniň arasynda Andijan medresi hem agzalýar. Ýaş alym Emrah Ýylmaz bu kitabyň bu sahypasyny özüne ylmy resminama hökmünde ulanyp, şahyryň Özbegistanda bilim alan ýerlerini – Hywa, Buhara we Andijan şäherlerini sary reňkde bellik edip görkezipdir. Ine, şol resminama: 

Ýaş magtymgulyşynas Emrah Ýylmazyň Magtymguly Pyragynyň Andijan (Andijon) medresesinde okandygyny ylmy esasda delillendirýän başga bir maglumaty bolsa, Ahmet Zeki Welidi Toganyň 1913-nji ýylda Fergana şäherinden  Magtymgulynyň golýazmalarynyň asyl nusgasyndan göçürilen görnüşini tapmaklygy bilen baglanyşyklydyr.  Alymyň pikiriçe, Magtymgulydan göçürilen golýazmalaryň Fergana şäherinden tapylmagy tötänden däl bolsa gerek. Emrah Ýylmaz  Magtymgulydan göçürilen golýazmalaryň Fergana şäherinden tapylan nusgalaryndan käbir goşgulary Toganyň «Şura» žurnalynyň 12-17-nji sanlarynda çap etdirendigini, beýik akyldaryň 243 goşgusyny öz içine alýan kitabyny bolsa Orenburgda neşir etdirendigini aýratyn belläp geçýär.

Türkiýeli ýaş magtymgulyşynas Emrah Ýylmaz özüniň ylmy gözleglerinde Magtymgulynyň Andijan medresesinde okandygy baradaky maglumata gabat gelen badyna, dessine şol sebite baryp degişli medeniýet işgärlerinden we bilim edaralaryndan  bu barada anyk maglumatlar alypdyr. Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Andijan medresesinde bu sebitiň ýerli taryhy muzeýi bilen bilelikde Juma metjidi diýilýän jemgyýetçilik toplumy ýerleşýär.

Emrah Ýylmazyň şahsy gürrüňlerine göra, özüniň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylda neşir edilmegi we  TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza gowşurylmagy meýilleşdirilýän «Magtymguly – beýik söz ussady» atly kitabynda hem Magtymguly Pyragynyň Andijan şäherinde okandygy baradaky ylmy täzelikler giňişleýin beýan ediler. Beýik akyldar şahyrymyzyň şahyrana döredijiliginiň şunuň ýaly halkara derejesinde örän çuňňur öwrenilmegi bolsa, biz ýaş nesilleri diýseň buýsandyrýar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkiýeli ýaş magtymgulyşynas alym Emrah Ýylmaz özüniň türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy baradaky dissertasiýa işi boýunça 2014-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çakylygy boýunça Türkmenistanda bir ýyl ýaşap, 2021-nji ýylda Samarkant döwlet uniwersitetiniň çakylygy we TÜBITAK guramasynyň goldawy bilen Özbegistanda bir ýyl ýaşap, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrendi. Netijede bolsa, onuň 2016-njy ýylda Ankaranyň «kitabevi» neşirýaty tarapyndan şahyryň döredijiligine degişli 1728 sany frazeologik  söze türkçe-türkmençe düşündiriş berýän, 775 sahypadan ybarat «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologik sözlügi» («Mahtumkulu’nun eserlerinin deyimler sözlüğü») atly kitaby, 2022-nji ýylda  Samarkandyň «Fan Bulog’i» neşirýaty tarapyndan özbek dilinde «Magtymguly Pyragynyň pikir dünýäsi» («Maxtumquli Firog‘iyning fikr dunyosi») atly kitaby neşir edildi. 2022-nji ýylda bolsa, bu ýaş alym Türkiýäniň Ankara şäherindäki Hajy Baýram Weli uniweristetinde «Magtymguly we eserlerinde metafora» («Mahtumkulu ve eserlerinde metafor») atly dissertasiýasyny gorady. Ýaş alymyň dissertasiýa işi üçin ýazan bu ylmy makalasy hem, awtoryň şahsy maglumatlaryna görä, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylda neşir edilmegi  meýilleşdirilýän «Magtymguly – beýik söz ussady» atly kitapda öz beýanyny tapar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran häzirki ajaýyp zamanasynda – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» atly halkara sanawyna girizilmegi, beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny ÝUNESKO-nyň «Şanly seneler» atly sanawyna goşmak barada teklibiň goldanylmagy we bütindünýä ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan  beýik Pyragynyň gymmatly edebi mirasynyň örän düýpli öwrenilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýanyň rowaçlyklara beslenýändiginin aýdyň beýanydyr.

Toýly Jänädow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok