Demirgazyk yşyklary ylmy taýdan 1859-njy ýylda öwrenilip başlanýar. Ilkinji gezek britaniýaly astronom Riçard Karrington bu yşyklaryň täsin görnüşlerini ýüze çykarýar. Häzirki wagtda bu hadysa «Karrington hadysasy» ady bilen meşhurdyr.
Her ýyl demirgazyk yşyklaryny synlamak üçin Finlandiýa döwletine müňlerçe syýahatçy barýar. Demirgazyk bölekde köp duş gelýändigi sebäpli alymlar olary, esasan, «demirgazyk yşyklary» diýip atlandyrýarlar. Demirgazyk yşyklary Ýeriň magnitli bölegi bilen Güneşden gelýän köp mukdardaky şöhläniň galtaşmagy esasynda emele gelýän tebigy hadysadyr. Rimde «Awrora borealis» diýlip atlandyrylýan bu yşyklar rim mifologiýasyndaky şapak taňrysy Awroranyň ady bilen baglanyşyklydyr.
Demirgazyk yşyklaryny görmek her kişini gyzyklandyryp biler. Sebäbi olar dürli reňklerden emele gelen älemgoşary ýatladýar. Olaryň kä 10 minut, käte bütin gije görünýändigi bellenilýär. Bu Gün şöhlesiniň mukdaryna bagly bolýar.
Yşyklar demirgazykdaky Ýeriň magnitli bölegine ýakynlaşdygyça has köp şöhle saçyp ugraýar. Magnitli bölege ýakyn görünýän Awrora yşyklary ýaşyl reňke çalymdaş, kähalatlarda bolsa şapagyň reňkine meňzeş gyzylymtyl görnüşde äpet bir şöhläni emele getirýär. Yşyklaryň mor, mawy, açyk we goýy sary, gülgüne reňklerde görünmegi bolsa şol pursatda asmanda galtaşýan elektronlara bagly bolýar. Elektronlaryň esasynda olar dürli reňke öwrülip bilýär. Ýaşyl reňkdäki yşyklar Ýerden 240 kilometr, gyzylymtyl 240 kilometrden ýokary, gök reňkli 96 kilometr, gülgüne reňkli yşyklar bolsa 240 kilometrden ýokary uzaklykda görünýär. Gije Aý şöhlesiniň güýçli bolan ýagdaýlarynda, demirgazyk yşyklaryny görmek kynlaşýar. Ol, köplenç, gijäniň tümlüginde owadan yşyk saçýar.
Körpe ÝAKUBOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
türkmen dili we edebiýaty
hünäriniň talyby.
Teswirler