Asuda asmanyň reňki deýin mawy öwüsýän pöwrize daşynyň ady «ýeňiji, ýeňiş getirýän» diýmegi aňladýar. Şeýle-de pars dilinden terjime edilende «firusa» — «bagt daşy» diýen manyny hem berýär. Ol, köplenç, gögümtil-ýaşyl hem-de ýaşyl reňkde gabat gelýär. Tebigatda onuň üç reňkini aýratynlandyrýarlar: ak, mawy, ýaşyl. Ak pöwrize entek kämil çykmadyk «ýaş» daş, ýaşyl reňklisi demir goşundyly, mawy pöwrize bolsa, iň gymmat bahalysy hasaplanýar.
Pöwrize daşy örän ynjykdyr. Bilermenler ony beýleki şaý-seplerden aýry, atyrdyr kremleriň ýok ýerinde saklamagy maslahat berýärler. Gelin-gyzlar nahar bişirýärkäler hem pöwrize gaşly şaý-seplerini aýyrmalydyrlar. Gyzgyn howa, ýuwujy serişdeler, ösümlik ýagy pöwrizäniň reňkiniň solmagyna sebäp bolup biler. Pöwrizäni çyg mahmal desmal bilen arassalamaly.
Gadymy döwürlerde parslar pöwrizäni söýginiň daşy hasaplap, ony ýaş juwanlar bir-birine söýgüsini bildirmek üçin sowgat beripdirler. Orta asyrlarda käbir ýurtlarda gyzlar göwün beren ýigidini özüne çekmek üçin olaryň penjegine ýa-da köýnegine, umuman, islendik eşigine pöwrize daşynyň bölejigini tikipdirler. Şeýdilende, gyzlar söýgi daşynyň olaryň duýgularyna kanagatlanarly jogabyň berilmegine hemaýat etjegine ynanypdyrlar. Şol döwürlerde pöwrizäni gyzlaryň hem-de ýaş gelinleriň tumary hasaplapdyrlar. Ony, esasanam, gyzlara ýetginjeklikden tä 30 ýaşa çenli, zenanlara bolsa 65 ýaşdan soň ýaşyl reňklisini dakynmagy talabalaýyk hasaplapdyrlar.
Pöwrize esgerleriň hem tumary hasaplanyp, ony ýaraglara zikgelemek ýörgünli bolupdyr. Söweşde pöwrize esgere üstünlik getiripdir, ýaralanmakdan gorapdyr. Şeýle-de pöwrize esgerleriň atdan ýykylmazlygyna ýardam beripdir. Şonuň üçinem at esbaplary, köplenç, pöwrize daşlary bilen bezelipdir. Ukusyzlykdan, ýaramaz düýşlerden biynjalyk bolýan adamlara kümşüň gaşöýüne oturdylan pöwrizäni dakynmagy maslahat beripdirler.
Pöwrize kowuslaryň hem-de sowurlaryň daşy hasaplanýar. Ol Ýupiter hem-de Wenera älemleriniň daşydyr. Dekabrda doglan adamlara pöwrize üstünlik, söýgi, bagt getirjek daşdyr. Wepaly söýginiň nyşany bolan pöwrize täleýnamanyň ähli ýyldyzlary üçinem şowly daşdyr.
Gülşat BOZAGANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
ýapon dili hünäriniň talyby.
Teswirler