Almaz

Dünýäde seýrek duş gelýän, özüniň ajaýyplygy, gözelligi bilen tapawutlanýan daşlar hemişe arzyly bolupdyr. Gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli gymmat bahaly daşlaryň — minerallaryň içinde iň tapawutlysy almazdyr. Indi müňlerçe ýyllar bäri almaz öz tebigy berkligi, çydamlydygy, gözelligi bilen adamzat neslini haýran galdyryp gelýär.

Almaz fiziki-mehaniki aýratynlygy boýunça gatylygy, berkligi, ýokary ýylylyk geçirijiligi hem-de giň göwrümli ýarym geçirijiligi bilen tapawutlanýar. Almazyň iň özboluşly aýratynlyklarynyň biri-de onuň ýagtylanmasydyr. Günüň ýagtysyna almaz dürli reňkde ýalpyldap, öwüşgin atyp başlaýar. Almazyň çaksyz durulygy, ýagtylanma döwülmesiniň we dargamagynyň ýokary görkezijileri (reňkleriň öwüşginli oýnamagy) zümerret, rubin, aleksandrit daşlary ýaly onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Almaz reňksizligi boýunça kwars, topaz, sirkon ýaly minerallara meňzeşdir. Şeýle-de bolsa, almazyň gülgüne, gök, ýaşyl, gyzyl, gara ýaly reňkli görnüşleri hem meşhurdyr.

Antarktidadan başga ähli yklymlarda almazyň senagat ýataklary duş gelip, onuň dürli görnüşli ýataklarynyň bardygy bellidir. Almazy senagat möçberinde gazyp almak işleri öňden bäri dowam edip gelýär. Almazyň senagat ýataklary gadymy kratonlar bilen baglanyşykly kimberlit we lamproit tokgajyklary (trubkalary) arkaly mälimdir. Onuň bu görnüşleri Afrikada, Russiýada, Awstraliýada, Kanadada duş gelipdir.

Almaz senagat önümçiliginde, demirçilikde ötgürligiň, kesgirligiň, ýitiligiň çeşmesi hasaplanýar. Almaz adaty görnüşinde owadan bolman, onuň ussat zergärler tarapyndan gyraňlanyp, haşamlanyp gaýtadan işlenmegi, almazyň köp gyraňly içki ýalpyldamagyna, öwüşgin atmagyna şertleri döredýär. Almazyň gyraňlanan görnüşleri, esasan, togalak, süýrümtik görnüşli, armyt şekilli bolupdyr.

Gunça ŞAMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
türkmen dili we edebiýaty
hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok